Habar

2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu çäre, Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMCA 10) tarapyndan geçirilip, ol Maksatnamanyň «Serhet gulluklarynyň institusional ösüşi» taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Sebitleýin okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük, serhet, migrasiýa we hukuk goraýjy edaralarynyň okuw bölümleriniň işgärleri gatnaşdy.

Maslahatda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Serhet goşunlarynyň okuw merkeziniň wekili resminamalaryň howpsuzlygy babatynda, Özbegistanda alnyp barylýan işler boýunça tejribesi bilen paýlaşdy.  Ol resminamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary, bu ugurda maddy we tehniki goldawyň berilmegi barada gürrüň berdi.