Habar

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwrebap lukmançylyk desgalarynyň birbada üçüsiniň düýbüniň tutulyş dabaralary boldy.

Ýakyn ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek desgalar – Halkara onkologiýa ylmy-kliniki, Stomatologiýa we Halkara pediatriýa merkezleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewral aýynda gol çeken degişli Kararlaryna laýyklykda gurluşygyna badalga berildi.

Bu desgalary gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň hem-de rowaçlygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk we ykdysadyýet ylymlarynyň doktory, professor, düýpli ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmaga hem-de ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, adamlaryň saglygyny dikeltmäge, ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin şertleri döretmek, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmekde ilkibaşdan möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy hem-de Türkmenistanda ençeme möhüm taslamalary durmuşa geçiren “Gap Inşaat Ýatyrym we diş Tijaret A.Ş” türk kompaniýasyna ynanyldy.