Habar

2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.  

Pudagara toparyň agzalary, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň işini ýola goýmak maksady bilen, degişli ministrlikleriň we edaralaryň maglumat ulgamlarynyň utgaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisde bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdirliginiň, hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň maglumat ulgamlary bilen aragatnaşyk ýola goýuldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Döwlet migrasiýa gullugynyň web-saýtlarynyň utgaşdyrylmagy barada aýratyn nygtaldy.

Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» bitewi döwlet maglumat web-portalynyň dolandyryjysy we saklaýjysy bolup durýar. Web-portalynyň talabalaýyk işlemegi üçin, gümrük edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk ulgamy harytlaryň we  ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi boýunça rugsat beriş we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarly döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny üpjün edýär we sazlaşdyrylan maglumat toplumyny ulanýar.