Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gazna bolup durýar. Gaznanyň düzümine onuň ýolbaşçysy, orunbasary, iş dolandyryjysy, media-habarlar wekili, gaznanyň hasapçysy we hukukçysy girer. Bu ýolbaşçylar işlerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda alyp bararlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz geljekde onuň işiniň giňeldiljekdigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigini belledi. Gazna tarapyndan ynsanperwerlik kömeginiň yzygiderli berilmegi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasyndan Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylandygyny, munuň bolsa gaznanyň işiniň çäginiň giňelýändigini görkezýändigini belledi. Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny aýdyň edýär. Şunuň ýaly halkara ähmiýetli ynsanperwerlik kömeklerini bermegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini bellemek gerek.
Halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgeleri hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär. Şeýlelikde, gaznanyň Tertipnamasynyň kadalarynyň kämilleşdirilmegi we oňa düzedişleriň girizilmegi zerur bolup durýar. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny kämilleşdirmek, onuň häzirki döwrüň talabyna, umumy ykrar edilen kadalara laýyk gelýän hukuk binýadyny döretmek meselelerine örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, gaznanyň hojalyk-dolandyryş meselelerini içgin öwrenip, onuň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr. Şunda saglygy goraýyş ulgamy bilen ykbalyny baglan lukmanlaryň tejribesiniň ulanylmagynyň, onuň işine häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde halkara giňişlikde wagyz etmek meseleleriniň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz bu ugurda degişli makalalary taýýarlamak, internet saýtlaryny döredip, olarda zerur bolan maglumatlary ýerleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň gazna bilen utgaşykly işleri ýola goýmalydygyny belledi. Munuň özi öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy şerti bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, merkezde çagalara zerur bolan lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli zerur şertler döredildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz işini mundan beýläk-de giňelder, hususan-da, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek meýilleşdirilýär.
Arkadag şäheriniň häkimligi bu ýerde degişli arassaçylyk we abadançylyk meselelerine zerur üns bermelidir. Şunda şäheriň ekologik derejesi, degişli düzümlerde ýola goýulýan hyzmatlar häzirki zamanyň ýokary talaplaryna we halkara tejribelere laýyk gelmelidir. Şäher ilatynyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçilik meseleleri barada aýdylanda bolsa, adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde ýaşaýyş jaýlarynyň gulluk maksatly berlip, olarda 10 ýylyň dowamynda birkemsiz ýaşap, zähmet çeken maşgalalara jaýlary öz adyna geçirip bilýändikleri, ilki töleg geçirip, ýaşaýyş jaýlaryna gelen raýatlaryň hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolýandyklary bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Täze, döwrebap şäheriň gurulmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi beýik maksatlaryň amala aşyrylýandygyny görkezýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, ilki bilen, Arkadag şäheriniň futbol toparynyň döredilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada hasabat berip, futbolçy türgenler üçin niýetlenen ýörite sport lybaslarynyň görnüşlerini we toparyň meýilleşdirilýän nyşanyny görkezdiler.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Sport lybaslary özüniň ähmiýetine laýyk gelmelidir, olar göze gelüwlilik, ykjamlyk babatda tapawutlanmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, toparyň özüne degişli nyşanynyň sport lybasynda talabalaýyk ýerleşdirilmegine aýratyn üns berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna Arkadag şäheriniň çäginde bar bolan binalaryň bezeg aýratynlyklary, şäher ilatyna hödürleniljek dürli hyzmatlar, gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri bilen baglanyşykly şekil taslamalary görkezildi. Şolaryň hatarynda elektrobuslara we elektromobillere tok beriji bekediň, ýöriteleşdirilen bassyrmanyň, ulaglara hyzmat edýän tehniki desgalaryň, şäheriň açylyş dabarasynyň we dabaraly ýörişiň geçirilmegi meýilleşdirilýän Baýdak meýdançasynyň, münberiň taslamalary, şäher awtobuslarynyň gatnaw ugurlarynyň çyzgylary bar.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, onuň çäklerinde 150 we 100 orunlyk çagalar baglarynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň taslamalary, şeýle hem eltip bermek hyzmaty üçin niýetlenen ulag serişdeleriniň görnüşleri we enjamlaşdyrylyşy görkezildi.
Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şunda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda we olaryň bezeg aýratynlyklarynda häzirki zamanyň gurluşyk, bezeg serişdeleri netijeli ulanylmalydyr. Olarda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwaty öz beýanyny tapmalydyr. Ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işler ýokary hil derejesine eýe bolmalydyr. Dürli maksatly desgalar milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman nusgasyny özünde jemlemelidir.
Arkadag şäheriniň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýandygyny nazara alyp, tebigy gözelligi saklamagyň zerurdygyny belläp, hormatly Arkadagymyz şäherde ilata edilýän söwda we beýleki hyzmatlaryň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda ilata dürli hyzmatlary hödürleýän ulaglaryň enjamlaşdyrylyşyna, olaryň degişli ýazgylar we maglumatlar bilen üpjün edilişine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýanyna geldi.
Hormatly Arkadagymyz ýokary okuw mekdebiniň daşky bezeg aýratynlyklaryna, onuň ýazgylaryna ünsi çekip, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyny belledi. Türkmen halky naly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hökmünde görýär. Pederlerimiziň irginsiz zähmetinden kemal tapan behişdi bedewler özüniň owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy bilen rowaýata, halkymyzyň milli gymmatlygyna we buýsanjyna öwrüldi. Şular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleriniň işjeň ulanylmalydygyna aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem binanyň bezeginde türkmen halky üçin milli gymmatlyk hasaplanýan atyň nalynyň, üzärligiň, dagdan agajynyň ulanylmagy halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändigini görkezer.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň esasy nyşanlarynyň biri hökmünde ahalteke bedewiniň, üzärligiň, bedewiň boýnuna dakylan alajanyň we dagdan agajynyň ulanylmagy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara ygrarlydygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan, il içinde keramat saýylýan serişdeleriň binanyň bezeg aýratynlyklarynda netijeli ulanylmagy asylly ýörelgeleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüler.
Ahalteke bedewleriniň asyl mekany hasaplanýan ýurdumyzda ady rowaýata öwrülen bedewlere aýratyn gadyr goýulýandygyny bellemeli. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy esasynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde olaryň at-abraýy dünýä ýüzünde belende galýar. Bedewler dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan halkymyzyň milli buýsanjydyr.
Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri paýhasly pederlerimiz tarapyndan Köpetdagyň etegindäki keremli toprakda, ýakymly howa gurşawy bolan künjekde döredildi we ösdürilip ýetişdirildi. Hut şu ýerden nurana bedewler dünýäniň çar künjegine ýaýrady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi atşynaslyk ugurlaryny ösdürmek üçin aýratyn ähmiýetli bolup durýar.
Soňra hormatly Arkadagymyz Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine geldi we merkeziň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede bolmalydygyny, merkeziň ýazgylarynyň göze gelüwliligine zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz merkezde atçylyk pudagyna degişli ylmy işleri alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine zerur üns berilýändigini belledi, bu ýerde akademiýanyň mugallymlarynyň, şeýle hem talyplarynyň degişli ugurlar boýunça ylmy işleri alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly ähli meseleleri ylmy taýdan özleşdirmekde we bu ugurda alnyp barylýan işleri ösdürmekde, bedewleriň taryhyny, olaryň tohumçylyk ugruny öwrenmekde bu desganyň ähmiýetlidigini belläp, hormatly Arkadagymyz döredilýän mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmalydygyny aýtdy. Şunda milli atşynaslyk ýörelgeleri häzirki zaman ylmynyň ösen derejelerine laýyklykda kämilleşdiriler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugrady.
Ýol ugruna hormatly Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe şäheriň çäkleriniň arassaçylyk we abadançylyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde atşynaslyk ylmyny ösdürmek, halkara çäreleri, sirk festiwallaryny geçirmek üçin ähli zerur şertleriň dörediljekdigini belledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynda, aýratyn-da, bu ugur boýunça bilim alýan talyplarda behişdi bedewlere bolan buýsanjy artdyrar.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän ahalteke atçylyk toplumlarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, atşynaslarynyň Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen hyzmatdaşlyk etmäge, bu ugur boýunça ylmy işleri ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri we olaryň biziň ýurdumyza gelip görmäge gyzyklanmalarynyň ýokarydygy barada habar berdi.
Hormatly Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Hormatly Arkadagymyz sirkiň binasynyň diňe bir enjamlaşdyrylyşyna däl, eýsem, onuň daşky bezegine hem üns bermelidigini belledi. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň milli atçylyk oýunlaryny we atçylyk sportuny ösdürmekde, olary halkara derejä çykarmakda möhüm orun eýeleýändigi nygtaldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde halkara ýaryşlary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ýaşlaryň ruhy we beden taýdan ösüşine ýardam berer we milli gymmatlyklarymyza bolan hormat-sarpany artdyrar, ýaşlary atçylyk sporty boýunça uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýol ugruna paýtagtymyzyň Arçabil we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köpzolakly ulag ýolunyň üstünden geçýän köpriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde ýol-ulag düzümine degişli desganyň bezeg aýratynlyklary we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, hormatly Arkadagymyz bezeg işlerine häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, desgalaryň bezeg aýratynlyklaryna çemeleşmelerde-de ýaşlaryň teklipleriniň, olaryň täzeçil garaýyşlarynyň ulanylmagynyň wajypdygyny belledi we bu babatda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam edip, Çandybil we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda saklandy.
Hormatly Arkadagymyz bahar paslynyň ýakymly howasynyň ähmiýeti barada aýdyp, şäheriň ekologik meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň seleňläp görünýändigini, dag etekleriniň özboluşly gözelliklerini nazara alyp, bu ýerdäki köpriniň bezeg işlerinde şu sazlaşygyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Munuň özi ýol-ulag düzümine degişli desganyň bezeginiň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Milli Liderimiz alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.