Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatyň ýeralma, sogan hem-de beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, şeýle hem ýüpek gurçugyna talabalaýyk ideg edilýär.

Mundan başga-da, häkim Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanylmagyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek, şeýle hem ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri-de dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlanylmagy, ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeler berildi.

Şunuň bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalarda we desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär, hususan-da, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär, gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işler bilen bir hatarda ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri alnyp barylýar, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekin meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirmek boýunça häkime degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda we binalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Şeýle hem bugdaýly meýdanlarda haşal otlaryň garşysyna göreşmek we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär, piläni öndürýän hojalyklarda ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň, şeýle hem ýeralma, sogana edilýän ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, häkime gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak maksady bilen, ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edilýär.

Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň bereketli we bol hasyl almagyň esasy talaplarynyň biridigini belledi, şunuň bilen baglylykda, welaýatda gowaça ekişiniň, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda hem häkime anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Bu işler bilen bir hatarda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan, bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, şeýle hem haşal otlaryň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Wise-premýer ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja, beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygyny hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly, ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamak wise-premýere tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi, bugdaýa edilýän ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, hususan-da, ösüş suwlaryny tutmak işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.