2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
«Bir penjire» ulgamynyň işiniň çäklerinde pudagara hem-de olaryň düzüm birlikleriniň arasyndaky tor ulgamynyň bir görnüşli infrastrukturasyny işläp düzmek we ony gurnamak mejlisiň esasy meselesi boldy. Bu aragatnaşyk platformasy kiberhowpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek bilen, ýönekeýleşdirilen aragatnaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
«Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işiniň çäklerinde ýokarda agzalan mesele boýunça utgaşdyryjy hökmünde bellenen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekili aragatnaşyk ulgamynyň bir görnüşli infrastrukturasyny işläp düzmek we ony gurnamak babatynda tehniki topologiýany, shemany taýýarlamagyň zerurlygyny ýatladyp, oňa laýyklykda hasabatlylygyň talap ediljekdigine üns çekdi. Bu ugurda öz tarapyndan ähli zerur ýardamy berjekdigini nygtady.
Pudagara iş toparyna başlyklyk edýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary mejlisde eden çykyşynda Pudagara toparyň düzümine girýän her bir ministrligiň, pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň we jemgyýetçilik guramasynyň jogapkärçiliginiň bardygyny we Pudagara toparyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň öz wagtynda we takyk berjaý edilmeginiň taslamany üstünlikli amala aşyrmagyň şertidigini nygtady.