Habar

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirip, ilçi saparynyň maksady barada habar berdi we türkmen-gyrgyz gümrük hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we güýçlendirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşykda ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň ähli ugurlary babatynda döwrebaplaşdyrylmagyny gönükdirilen 2022-2028-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy barada ilçä habar berildi. Bellenilişi ýaly, halkara söwdasynyň ösmegine ýardam bermek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmek, edilýän hyzmatlary sanly ulgam arkaly alyp barmagy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu maksatnamanyň öňünde bellenen möhüm meselelerdir.

Taraplar iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şol sanda maglumat alyşmagy ýola goýmak, statistiki maglumatlary deňeşdirmek, özara haryt dolanşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy üçin iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Gümrük işinde ýardam bermek we özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşmagyň zerurlygy barada aýratyn bellendi.