Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
26 Dek
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de olary giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Syýasy ulgamda döwletara gatnaşyklary barada aýtmak bilen, söhbetdeşler häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça, hususan-da, parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde, durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmakda iki dostlukly ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýni fewral aýynyň ikinji ýarymynda geçiriljek çärelere—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamyny gurmak, şeýle hem Türkmenistanyň öz hasabyna, maddy-enjamlaýyn serişdeleriniň we işgärleriniň hasabyna gurýan Serhetabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sebitiň durnukly ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolan çärelere gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Pakistanyň energetika ulgamynda, şol sanda elektrik energiýasyny we gazy ibermek babatda Türkmenistan bilen özara gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy, munuň özi ýurduň energiýa serişdelerine bolan islegi bilen şertlendirilendir. Dostlukly döwletiň Baştutany TOPH transmilli gazgeçirijisiniň gurulmagynyň ähli ugurlarda – diňe sebitde däl-de, eýsem, dünýä derejesinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigini belledi.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn Türkmenistanyň we Pakistanyň arasyndaky netijeli gatnaşyklara geljekde hem ynanyşmak, açyklyk we özara düşünişmek ruhunyň mahsus boljakdygyna ynam bildirip, birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli gutladylar hem-de iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.



Çeşme TDH