Habar

Hormatly adamlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu çäräniň ýurdumyzyň köpugurly halkara üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri möçberli, milli we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak başlangyçlaryny goldamaga, Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň ulag ulgamynda öňe sürýän oňyn teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň 69-njy sessiýasynda öňe süren teklipleri esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamalar kabul edildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi.

Geografik taýdan amatly ýerleşmegi bilen, eziz Watanymyz yklymlary birleşdirýän örän möhüm merkezleriň birine öwrülýär. Türkmenistan ulaglaryň ähli görnüşini ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzy esasy üstaşyr ulag geçiriji merkeze öwürmek, täze geçelgeleri, ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmek maksady bilen, iri maýa goýumlary çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanda howa gämileriniň we Halkara howa menzilleriniň sany artdyrylyp, halkara howa gatnawlarynyň köpelmegi üçin şertler döredilýär. Milli demir ýol ulgamy goňşy ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna birikdirilip, bu ugurda aragatnaşygyň üznüksiz bolmagy üpjün edilýär. Ýurdumyzda demir ýol üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwletimiz Hazar deňziniň üsti bilen halkara gatnawlara işjeň gatnaşyp, suw ýollary arkaly açyk deňze çykyp bilýär. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurulmagy milli deňiz flotuny giňeltmäge, ýükleriň möçberini, üstaşyr geçirilmegini artdyrmaga we daşary ýurt gämileri üçin hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi.

Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň we Garabogaz kölüniň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy iki ýurduň arasyndaky ulag hem-de söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýük dolanyşygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Geljekde Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi hem sebitiň ähli döwletleriniň üns merkezinde durýar. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Ýokary derejede geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahatyň we serginiň biziň gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, tutuş sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly binýadynyň döredilmegine uly itergi berjekdigine ynanýaryn.

Sizi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralýan bu halkara maslahatyň we serginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.