Habar

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly halkara maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmen halkara  awtoulaglary daşaýjylaryň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýetiniň başlykalary Elektron maglumat alyş-çalyşy arkaly MDP-niň düzgünlerinden peýdalnmak babatda 2001-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky MDP-ny kepillendirmek barada goşmaça ylalaşyga gol çekdiler.

Resminama, elektron maglumat alyş-çalşy arkaly MDP amaly boýunça harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmegini düzgünleşirýär. Gümrük edaralary tarapyndan berilýän elektron maglumat MDP amalynyň başlandygyny we tamamlanandygyny görkezýän hukuk subutnamasy hasaplanýar.

Goşmaça ylalaşyga laýyklykda, çap edilen resminama  MDP kitapçasynyň deregine ulanylyp bilner.