Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady
27 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukçylary Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 26 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň serkerdelere, esgerlere, diňleýjilere Ýaragly Güýçleriň harby talyplaryna iberen gutlagynda aýdylýar.

Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr diýlip, gutlagda nygtalýar. 

Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda we belent sepgitlere ýetmekde siziň mynasyp ornuňyz bardyr. Siz mundan beýläk hem harby kasama wepaly bolup, ata Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyndan gelip çykýan borçlary abraý bilen berjaý etmelisiňiz.

Biz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby hünärmenleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin zerur bolan şertleri döretmäge aýratyn üns bereris diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda bellenilýär.



Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi