Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
31 Ýan
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

    Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýanwar aýynda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň alyp baran işleriniň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň gümrük gullugynyň işlerini kämilleşdirmek, Gullugy döwrebap tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

    Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň Ýewraziýa giňişliginde ulag-üstaşyr geçelgesiniň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini belläp, gümrük bölümlerinde alnyp barylýan işleriň halkara hukuk kadalaryna laýyk gelmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek, ony döwrebap derejede enjamlaşdyrmak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, bu gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

    Belent Serkerdebaşymyz döwletimiziň hem-de halkymyzyň bähbitleriniň goragynda durmak bilen, ýurdumyzyň abadançylygyny we gülläp ösmegini, onuň raýatlarynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň ysnyşykly, sazlaşykly işlemeginiň wajypdygyna bu ýere ýygnananlaryň ýene-de bir gezek ünsüni çekdi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde goýlan wezipeler her bir ýolbaşçydan tabşyrylan işe aýratyn ýokary yhlasly, jogapkärli çemeleşmegi talap edýär diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.

    Soňky ýyllarda maddy-enjamlaýyn binýat yzygiderli täzelenýär, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz güýçleriniň üsti döwrebap tehnikalar we harby gämiler bilen ýetirilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çärelerdir diýip, milli Liderimiz belledi.

    Döwletimiz harby gullukçylar we olaryň maşgalalary barada yzygiderli alada edýär. Watanymyzyň merdana goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, ak ýürekden gulluk etmekleri üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrylýar. Bu ugurdaky işler mundan beýläk-de dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu düzümleriň gullukçylarynyň hemişe döwletiň howandarlygynda boljakdygyny nygtady.