Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
17 Few
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasynyň maslahatçysy Nikolas Kawellero hem-de dolandyryjysy Dewid Sulaberidze bilen duşuşyk geçirildi.

    Duşuşykda myhmanlar maksatnamanyň göz öňünde tutýan wezipeleri, onuň çäginde alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. Hususan-da bu maksatnamanyň esasy aýratynlygy Strategiki harytlaryň bikanun dolanşygynyň öňüni almakdan ybarat bolup durýar. Bu ugurda döwletleriň kanunçylyk ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi barada nygtaldy. 

    Duşuşygyň ahyrynda myhman ikiçäk duşuşmak üçin döredilen mümkinçilige sagbolsun aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.