Habar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna örän uly şahsy goşant goşan dostlukly ýurduň iri sebitiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryň biridigini kanagatlanma bilen nygtady.

Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ynanyşmaga esaslanýan türkmen-tatar gatnaşyklarynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigini we pugtalandyryljakdygyny kanagatlanma bilen belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Tatarystan Respublikasy bilen döwlet we hökümet derejelerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli özara hereketleriň esasy ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aprel aýynyň başynda Tatarystanyň Baştutanynyň ýurdumyza bolan iş saparyny hem-de özleriniň duşuşandyklaryny mähir bilen ýatlaýandygyny belledi. Şonuň barşynda ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi, şeýle hem Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine aýlanyp gördi.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, howa ulaglar tehnikalaryny we ýük awtoulaglaryny ibermekde taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki üstünlikli işler hem-de bu ugurda uly kuwwatyň bardygy bellenildi.

Ýurdumyzda we Tatarystanda dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli gatnaşyklar, wekiliýetleriň alşylmagy we dürli çärelere gatnaşylmagy özara hereketleriň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara ykdysady forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşjakdygy bellenildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş topary işini üstünlikli amala aşyrýar. Onuň sekizinji mejlisi şu ýylyň mart aýynyň ortasynda Aşgabatda geçirilip, onuň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Ikitaraplaýyn pikire görä, medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup çykyş edýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma döredýän dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege jan saglyk hem-de döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.