Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy.
Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy orny eýelemek bilen, umumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, halkara gatnaşyklaryny ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, hoşmeýilli erk-islegiň, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň dialogy, iň gowy tejribeleri, oňyn pikirleri alyşmak esasynda guraýar. Bu ýörelgeler BMG-niň maksatlaryna we Tertipnamasyna doly laýyk gelmek bilen, dostlugyň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň, şol sanda sebit boýunça goňşy ýurtlar we Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlugyň ygtybarly köprülerini ýola goýmaga ýardam edýär.
Döwletimiz iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý Halk Respublikasy, Özbegistan we Täjigistan bilen üstünlikli gatnaşyk edýär. HHR-iň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2022-nji ýylyň ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen sammit altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şol duşuşygyň barşynda eden çykyşynda ýurdumyzyň şu görnüşdäki netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklap, möhüm başlangyçlaryň ençemesini beýan etdi. Munuň özi Türkmenistanyň uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy guramaga we häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge sazlaşykly, öňdengörüjilikli çemeleşmelerini nobatdaky gezek görkezdi.
Şu gezekki iri diplomatik çäre HHR-iň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhynda möhüm ähmiýete eýedir. Duşuşygyň gün tertibinde altytaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň barşy, ulag-logistika ulgamynda özara baglanyşygy pugtalandyrmak, Merkezi Aziýadan Hytaýa oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrmak, elektron söwdany ösdürmek, şeýle hem şu formata gatnaşyjy ýurtlaryň wekilçilikli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny döretmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly hem-de özara gyzyklanma bildirilýän esasy halkara we sebit meseleleri bar.
Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän ýerine — Sian Halkara maslahatlar merkezine ugrady.
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň resmi banneriniň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, foruma gatnaşyjylar “Linde” zalyna çagyryldy.
Hytaý Lideri çäräni açyk diýip yglan etmek bilen, ýygnananlary mübärekledi we şu gezekki sammitiň ähmiýetini nygtady. HHR-iň Başlygy Si Szinpin sammitiň ähmiýeti barada aýdyp, Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy eýýamda işjeň we hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol bir wagtyň özünde, sebitiň parahatçylygyň, sazlaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryny goldamagyň zerurdygy nygtaldy. HHR-iň Baştutany çykyşynyň dowamynda alty ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, düzümleýin ulgamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara söwda dolanyşygyny höweslendirmäge, hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň uly meýilnamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň durnuklylygy, üstünlikli we sazlaşykly ösüşi, bitewüligi dünýä üçin ähmiýetlidir.
Soňra Hytaýyň Başlygy sammite gatnaşyjylara söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda HHR-iň Başlygy Si Szinpine «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammiti çagyrmak başlangyjy, myhmansöýerligi hem-de netijeli işlemäge döreden şertleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk etmegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropa tarap uzan Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä medeniýetiniň ösüşiniň hem-de ilerlemeginiň şerti bolandygy hemmä mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu sammitiň gadymy döwürlerden bäri Merkezi Aziýada derweze diýlip atlandyrylyp gelinýän häzirki türkmen şäheri Mary bilen doganlaşan, Beýik Ýüpek ýolunyň başlangyç nokady — Hytaýyň gadymy paýtagty Sian şäherinde geçirilmeginiň simwoliki ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Bu sammit häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu duşuşygyň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýyny seljermäge, ony geljekde ösdürmegiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine, dünýä we sebit gün tertibiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem şert döretjekdigine ynam bildirdi. Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň üstünlikli ösüşiniň baş şerti bolan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek esasy mesele bolup durýar.
Häzirki dünýäniň ýaramaz şertleri netijesinde ýüze çykan hakyky ýagdaýy — dünýä syýasatynyň ugurlary syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň täsirli usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistan döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamak hem-de içerki işlerine gatyşmazlyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär, dünýä bileleşiginiň terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamlaryndaky täze wehimlere garşy durmak boýunça görýän çärelerini goldaýar.
Biz öz abraýymyzy, mümkinçiliklerimizi peýdalanyp hem-de köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täsirli usullaryny ulanyp, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini ykrar etmäge, ynanyşmaga uly goşant goşup bileris, dartgynlylygy gowşadyp, dawalary azaldyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda jedelleri we gapma-garşylyklary çözmegiň gepleşikler usulyna geçip bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli, hormatlamak we deňhukukly gatnaşyklara taýýarlygyň hem-de ukyplylygyň görkezijisi bolup durýan syýasy medeniýetiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şonuň esasynda türkmen tarapynyň hödürlän «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandyklary üçin şu formatyň ähli döwletleriniň Liderlerine minnetdarlyk bildirdi.
Biz medeniýetiň hormatlamak gatnaşyklarydygyna, parahatçylykly we ynanyşykly ýaşamagy, howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemek däplerine ygrarlylykdygyna berk ynanýarys, halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny öňe sürmekde köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrülmäge ukyplydygyna düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda utgaşdyrylan hereketleri ýola goýmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz köptaraply geňeşmeleriň usullaryny döretmegiň mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Onuň maksady gazanylan ylalaşyklary ulgamlaşdyrmakdan hem-de ýerine ýetirilişine syn bermekden ybarat bolar.
Bellenilişi ýaly, diňe şeýdip, «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerinde döwletleriň Baştutanlarynyň öňe sürýän başlangyçlarynyň we teklipleriniň durmuşa geçirilişine gözegçilik edip bolar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň bilelikdäki mümkinçilikleri, kuwwatly serişde, senagat hem-de tehnologik binýady biziň öňümizde ykdysadyýetde ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu formata Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy hökmünde seredýändigi nygtaldy.
Taryhy tejribe asyrlaryň sepgidinde bolup geçýän her bir ýagdaýyň diňe ýaramaz däl, eýsem, ilkibaşda aýdyň bolmadyk oňyn meýillerini hem äşgär görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitleýän esasy meseleleri çözmäge gönükdirilen gatnaşyklar ulgamyny takyk ýola goýmagyň zerurdygyna, munuň bolsa her bir hyzmatdaşyň ileri tutýan milli bähbitlerini nazara almak bilen, bilelikdäki işleri guramaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Her bir ýurduň ykdysady kuwwatyny we logistik mümkinçiligini peýdalanmak, senagat kooperasiýasynyň, energetika we ulag ulgamlarynda taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagyň netijeli ulgamyny döretmek arkaly daşary ykdysady gatnaşyklary birsyhly giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ýangyç-energetika pudagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bu ugurda anyk hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysalydyr. Şu gaz geçirijiniň netijesinde hytaýly hyzmatdaşlarymyz häzirki döwürde öz senagatyny ösdürýär, Hytaýyň ilatynyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi sebitiň üstaşyr geçiriji ýurtlaryna Hytaýyň bazaryna energiýa serişdelerini çykarmak üçin hem mümkinçilik berdi. Türkmen energiýa serişdelerini halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanan Türkmenistanyň energetika syýasatyny nazara alyp, taraplar gyzyklanan halatynda, biz türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek bilen bagly täze taslamalary amala aşyrmak boýunça işleri hem dowam etdirip bilerdik diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ulag ulgamynda-da hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Munuň üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara gyzyklanmalary esasy şert bolup durýar.
Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine, bu taslamanyň Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlaryny, senagat guşaklyklaryny özara baglanyşdyrýandygyna ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalary Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmegiň, ýurtlarymyzyň arasynda ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň dünýä ajaýyp alymlary, oýlap tapyjylary, akyldarlary berendigi mälimdir. Biz bolsa şol örän baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleri hem-de saklaýjylary bolup durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gyzyklanmalary höweslendirmegiň, yzygiderli esasda giňden medeni we ylmy alyşmalara işjeň ýardam bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz halklarymyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de giňeltmegiň möhümdigi baradaky pikiri ösdürmek bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumyny guramagy hem-de ony şu ýylyň noýabrynda Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi.
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň alty döwletiň we olaryň halklarynyň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylygy, köpasyrlyk dostlugy, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak däplerini gorap saklamagyň zerurdygyna berk ynanýandygyny belledi.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy we oňyn teklipleri üçin hoşallyk bildirip, öňe sürlen netijeli başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Hytaý Lideriniň pikirine görä, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklipleri dostlukly döwletleriň arasynda ileri tutulýan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu format, gürrüňsiz, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny berkider.
Döwlet Baştutanlary forumyň her iki ýyldan Hytaýda we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmegi hakynda ylalaşdylar.
Gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, “Szýançžan” zalynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň Sian Jarnamasy şu duşuşygyň möhüm netijesidir. Jarnamada taraplaryň dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de HHR-iň arasyndaky dostlukly alyşmalaryň netijelerini hemmetaraplaýyn jemländigi, köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň tejribesini umumylaşdyrandygy, geljekki gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitländigi nygtalýar. Bu syýasy resminamada şu gezekki sammitiň çäklerinde alty ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň guralynyň resmi taýdan döredilýändigi hem-de döwletleriň Liderleriniň diplomatiýasynyň strategik ýolbaşçylyk wezipesini doly derejede amala aşyrmaga, ýokary derejede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň toplumlaýyn meýilleşdirilişini pugtalandyrmaga taýýardygy tassyklanylýar.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde ylalaşmalaryň we başlangyçlaryň Sanawynyň kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy. Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary bellenildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat-maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda, infrastruktura we inženerçilik-gurluşyk, weterinariýa we getirilende hem-de alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gümrük edaralarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar.
Soňra HHR-iň Başlygy Si Szinpin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendi. Sammitiň jemleri barada aýdyp, Hytaý Lideri şu gezekki duşuşygyň wajypdygyny nygtady we «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilelikdäki işiň mundan beýläk-de sazlaşykly we netijeli dowam etdiriljekdigine, onuň dostlukly döwletleriň halklarynyň abadançylygyna we parahatçylygyň, howpsuzlygyň, sebitiň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdiriljekdigine ynam bildirdi.
Sammit tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Sian Halkara maslahatlar merkeziniň öňündäki “Hytaý — Merkezi Aziýa” dostluk seýilbagynda nar agaçlarynyň ýaş nahallaryny oturtdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Liderleri bilen mähirli hoşlaşyp, Sian şäheriniň “Sýanýan” Halkara howa menziline ugrady. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada tarap ugur aldy hem-de günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitinde çuň manyly çykyşy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Umuman, ýokary derejede geçirilen duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we HHR-iň arasyndaky gatnaşyklaryň berkdigini görkezip, netijeli altytaraplaýyn gatnaşyklar üçin täze eýýamy açdy. Sammitiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde oňyn gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berip, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe, rowaçlyga uly goşant bolar.