Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş almak, ýekelemek, otag etmek hem-de hatarara bejergi işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ideg etmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak we talabalaýyk saklamak üçin ähli zerur çäreler görüldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatyň ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, ýetişen hasyly ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Hasabatyň dowamynda häkim pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Şeýle hem häkim welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda, bugdaý meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, welaýatda “Soňky jaň” dabarasynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda birinji ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi we otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Welaýatda bugdaý meýdanlaryny galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk görüldi hem-de tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak, talabalaýyk saklamak üçin degişli işler geçirildi.

Welaýatda gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlere ideg işleri ýerine ýetirilýär, pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim “Soňky jaň” dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy we welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi, galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görülmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini, welaýatda “Soňky jaň” dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Bellenilişi ýaly, sebitiň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmagy bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Galla oragyna taýýarlyk görmek, galla kabul ediş bölümlerini degişli enjamlar bilen üpjün etmek, tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär, pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda şaly ekişi guramaçylykly dowam edýär.

Mundan başga-da, häkim welaýatda “Soňky jaň” dabarasyna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de welaýatyň gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragyna doly taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini, welaýatda “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunda agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak maksady bilen, bu ýazlyk ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem häkim galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş bölümlerini degişli enjamlar bilen üpjün etmek, tohumlyk bugdaýy ýygnap almak, daşamak, talabalaýyk saklamak üçin ähli zerur çäreleriň görlendigini habar berdi. Mundan başga-da, welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegi, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur çäreleriň görülmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, welaýatda “Soňky jaň” dabarasynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we gögeriş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň bugdaý meýdanlarynda soňky ösüş suwuny tutmak bilen bir hatarda, galla oragyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Galla kabul ediş bölümlerini degişli enjamlar bilen üpjün etmek, mehanizatorlaryň okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Hasabatyň dowamynda häkim welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi. Şeýle hem ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň ýerine ýetirilýändigi habar berildi. Mundan başga-da, häkim welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňüne tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini we ony ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi we welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur taýýarlyk çäreleriň görülmegini häkime tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini, welaýatda “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda tagt we gögeriş suwuny tutmak işleri, kadaly gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şu ýylyň hasyly üçin bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş bölümlerinde ýangyn we tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen, bu bölümler zerur ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edildi. Däne ýygýan kombaýnlary dolandyrjak mehanizatorlar bilen okuw maslahatlary geçirilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, irki ýetişen ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak we ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň pile öndürijileri tarapyndan möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň depginleriniň güýçlendirilmegini, galla oragyna ähli düzümleriň doly taýýarlykly gelmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsüni çekdi we bu işleriň agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi arkaly geçirilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hormatly Prezidentimizi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkara başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny belledi. 16-njy maýda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Kararnama laýyklykda, her ýylyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen şol maslahatyň geçirilen senesiniň, ýagny 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrülendigini belläp, bu Kararnamanyň kabul edilmegi bilen iş maslahatyna gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.