Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi boýunça milli parlamentiň iş toparlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we öňdebaryjy halkara iş tejribesinden ugur alnyp, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini seljermek esasynda birnäçe kanunçylyk taslamalary taýýarlanyldy. Olara Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň 3-nji iýunda geçiriljek ikinji maslahatynda garamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem daşary ýurtlar, iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde amala aşyrylýan işler barada maglumat berildi. Hususan-da, Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi, Koreýa Respublikasynyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guramagynda Baku şäherinde geçirilen “Ýaşyl» ykdysadyýeti, özara baglanyşygy we durnukly ösüşi höweslendirmek arkaly howpsuzlygy hem-de durnuklylygy berkitmekde milli parlamentleriň orny” atly halkara foruma, şeýle hem Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen X halkara Newa ekologiýa kongresine gatnaşdylar.

Habar berlişi ýaly, deputatlar ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny we wezipelerini jemgyýetçilik köpçüligine düşündirmek üçin guralýan dürli çärelere, milli senenamamyzyň şanly seneleri mynasybetli dabaralara, maslahatlara, duşuşyklara gatnaşýarlar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BSG-niň wekilleri ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Daşary işler, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerinde, Merkezi bankda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynda birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň öňünde dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna has işjeň goşulyşmak wezipesiniň durýandygyny belledi hem-de bu wezipäni netijeli çözmek maksady bilen, Türkmenistanyň BSG-niň çäklerindäki işini işjeňleşdirendigini we geçen ýyl “işjeň synçy” derejesini alandygyny aýtdy. Munuň özi bu ugurdaky toplumlaýyn işi dowam etdirmäge, döwletimiziň daşary söwdadaky ornuny pugtalandyrmaga, ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş toparyny döretmek, bu babatda degişli guramaçylyk meselelerini çözmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş toparyny döretmek hakynda” hem-de “Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlarynyň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen resminamalara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de resminamalarda bellenen wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Hazar deňziniň türkmen böleginiň ygtyýarlandyrylan toplumlaryny özleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlaryny we kompaniýalaryny çekmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän uglewodorod ýataklaryny çalt depginlerde özleşdirmek, tebigy serişdeleriň çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýän iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bu syýasatyň baş maksady bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegine oýlanyşykly hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabatynyň başynda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýtdy. Wise-premýer oba hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza netijeli zähmet çekmäge döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow habary kanagatlanma bilen kabul edip, ýurdumyzyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyrylandygyny aýtdy. Biz ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleri ýerine ýetirýäris. Geljekde-de bu pudaga uly üns bereris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmen halkyny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem wise-premýer daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Aralýaka sebitiň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda tokaý-gorag zolaklaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu sebitlerde tokaý zolaklarynyň dörediljek ýerlerini we ekiljek bag nahallarynyň görnüşlerini kesgitlemek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada aýtmak bilen, wise-premýer Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk” atly utgaşykly görnüşdäki ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň degişli düzümleriniň wekilleri gatnaşarlar. Daşary işler ministrligi bilen bilelikde Merkezi Aziýada suw desgalarynyň durnukly ösüşi üçin suw serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça meselelere bagyşlanan forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, wise-premýer ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamada göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berildi. Bu taslamanyň baş maksady welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň energoulgamlaryny bir bitewi energetika halkasyna birleşdirmekden ybaratdyr. Bu taslamanyň birinji tapgyrynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi çekildi. Bu işler ýurdumyzyň energogurluşykçylary tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki wagtda Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijileriniň hem-de ugurdaş podstansiýalaryň gurluşyk işleri ýokary depginlerde dowam etdirilýär. Bu desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagynyň mümkinçiliklerini yzygiderli giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri içgin seljermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň eksporta iberilýän harytlarynyň hem-de daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, işleriň bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyklykda guralmagyna, ýokary tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda amallaryny ösdürmekde, eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmakda, biržanyň ornuny belläp, wise-premýere birža söwdasyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de hasabatyň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky düzümleriň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda işini dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

24 — 29-njy iýun aralygynda geçirilmegi göz öňünde tutulan çärelere Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň wekilleriniň, şeýle hem TÜRKSOÝ-nyň Sekretariatynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, netijeli halkara gatnaşyklaryň möhüm şerti hökmünde medeni diplomatiýanyň ilerledilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunda abraýly guramalar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Şol guramalaryň hatarynda TÜRKSOÝ hem bar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny işläp taýýarlamak meselesi barada hasabat berdi.

Hemmetaraplaýyn bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, watançy, ynsanperwer gymmatlyklara, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli iş toparynyň mejlisleriniň netijeleri boýunça ýaşlar syýasaty Strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. Ol türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek, ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek, ýaş alymlaryň bilelikdäki işlerini ýola goýmak we beýlekiler Strategiýada kesgitlenen ugurlardyr. Şunuň bilen birlikde, Strategiýada medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak we beýleki çäreler bu işlere ýardam berer. Strategiýada bedenterbiýe we sport, şol sanda dürli ýaryşlary guramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalara gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini hem-de häzirki zaman gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça bäsleşikleri guramak bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Strategiýany makullady hem-de ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýandygyny aýtdy. Türkmenistanda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň aň-paýhas, döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehin-başarnyklaryny açmak, şahsy we hünär ösüşini höweslendirmek üçin ähli zerur şertleri döretmek ugrunda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýaşlar syýasatyna ýurdumyzyň daşary syýasat işinde-de uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ylym-bilim ulgamynda, innowasion we sanly tehnologiýalardan peýdalanmagy başarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Medeniýet we sungat, sport, ekologiýa ulgamlarynda, parlament we ýaşlar diplomatiýasy ugry boýunça ýaşlar hyzmatdaşlygyny höweslendirmek hem wajyp bolup durýar. Munuň özi ýaşlary umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge, umuman, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz şular barada aýtmak bilen, bu Strategiýanyň möhümdigini nygtap, wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de beýleki degişli ýolbaşçylara ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bu ulgamda hyzmatlaryň sanawyny artdyrmak hem-de hilini gowulandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we ulag düzümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisde birnäçe beýleki meselelere-de garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.