Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda galla oragy dowam edýär. Şunda degişli düzümler sazlaşykly işledilýär, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän galla oragy möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurdaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak hem-de jogapkärçilikli çemeleşmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda bugdaý orýan kombaýnlar, awtoulaglar we galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, sebitiň gowaça meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler oba hojalygynda möhüm möwsümiň — galla oragynyň dowam edýändigini belledi hem-de onuň ýokary hilli geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň, bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we galla oragyny ýokary hilli, gysga wagtda tamamlamak, bu işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz orakdan boşan meýdanlary sürüp, möwsüme taýýarlamak üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek häkime tabşyryldy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý meýdanlarynda galla oragy guramaçylykly dowam edýär, orakda ulanylýan kombaýnlaryň, bugdaý daşaýan awtoulaglaryň, galla kabul ediş bölümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur tagallalar edilýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Gowaça meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny we bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi, galla oragynyň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi, bu ugurdaky işleriň depginleriniň güýçlendirilmegi, ähli düzümleriň bökdençsiz işledilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda geçirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy gowşamaýan depginlerde dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegi we gysga wagtda tamamlanmagy, bu işleriň depginleriniň güýçlendirilmegi, bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz orakdan boşan meýdanlarda sürümiň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda samany ýygnap, sürüm işlerini öz wagtynda geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp barlyşyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we galla oragynyň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini, bugdaýdan boşan meýdanlaryň sürlüp, möwsüme taýýar edilmegini, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygyndaky bu möhüm möwsümi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işlere gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.