Habar

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Eziz watandaşlar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar netijesinde eziz Diýarymyz tanalmaz derejede özgerýär. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan iri möçberli döwlet maksatnamalary häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilip, taryhy ösüşlerimiz bagtyýar watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin has-da buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär.

Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň hem-de molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu ajaýyp waka berkarar döwletimiziň ähli raýatlaryny buýsandyryp, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan söýgüsini artdyrdy.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir. Şu ýyl ýurdumyzyň teatr artistleriniň, suratkeşleriniň, bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň dünýä derejesinde rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda yzygiderli geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň özboluşly baýramydyr. Medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeliginde guralýan joşgunly çykyşlary bagtyýar durmuşymyzyň belent waspyna öwrülýär.

Paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligine medeniýet ulgamynyň işgärleriniň işjeň gatnaşmagy bagtyýar ildeşlerimiziň öz medeni gymmatlyklaryna, baý mirasyna söýgüsini has-da artdyrar. Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçiriljek konsertler, sergiler, döredijilik maslahatlary, şygryýet çeper okaýyşlary, sahna oýunlarynyň we kinofilmleriň görkezilişleri häzirki döwürde milli medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda ýetilen sepgitleri giňden wagyz etmekde, döredijilik işgärleriniň hünär ussatlygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligi bilen utgaşyklylykda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bolsa bu iri medeni çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreler akyldar şahyrymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, dünýä ýüzünde giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dowamyndaky medeni çäreleriň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da şöhratlandyrmakda aýratyn ähmiýetli boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Sizi Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

 

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.