Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda berkarar ýurdumyzda dabaraly bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlandyrylýar. Ak şäherimiz Aşgabatda hem-de welaýatlarymyzda medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary, senagat, önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar. Garaşsyz döwletimizde ähli ulgamlarda uly ösüşleriň gazanylmagy, ýurdumyzyň ykdysady taýdan barha kuwwatlanmagy türkmen halkynyň parahat, bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Häzirki wagtda döwletimiziň kanunçylyk we hukuk tertibini pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramaga gönükdirilen konstitusion özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Berkarar Watanymyzyň durmuşyndaky şöhratly wakalar medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmete, belent maksatlara, täze-täze eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy özgerişlere beslenmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämizden gelip çykýan aýdyň maksatlary kämil eserler arkaly çeper wasp etmek, halkymyzy giň gerimli işlere ruhlandyrmak, medeniýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek medeniýet we sungat işgärleriniň mukaddes borjuna öwrülýär. Biz häzirki döwürde medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýarys, medeniýet ulgamynda netijeli zähmet çekip, uly üstünlikleri gazanýan döredijilik işgärleriniň asylly zähmetine, zehin-başarnyklaryna ýokary baha berýäris.
Hormatly medeniýet we
sungat işgärleri!
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde — festiwallarda, sergilerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda, şygryýet agşamlarynda medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjy-şahyrlar üstünlikli çykyş edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş berýän çuňňur paýhasa ýugrulan eserleriniň taryhy ähmiýetini giňden wagyz etmekde, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde öňe sürülýän ynsanperwer ýörelgeleri çeper wasp etmekde döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar.
Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda paýtagtymyzda bina edilýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen kalbynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir. Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen döredijilik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi örän möhüm ähmiýete eýedir. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň uly ösüşlere beslenýändigini, medeniýet ulgamyndaky syýasatymyzyň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.
Mähriban watandaşlar!
Hormatly döredijilik işgärleri!
Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!
Eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Häzirki döwürde teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, elektron neşirleriň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, žurnalistleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirilýän eserleriň her biri milliligi, döwrebaplygy, kämilligi bilen tapawutlanmalydyr.
Mähriban halkym!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.