Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy möwsümi dowam edýär. Bu işlerde ähli degişli düzümler sazlaşykly işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, şu günler ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini ýokary hilli hem-de gysga wagtda, talabalaýyk ýerine ýetirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Günbatar sebitde galla oragy möwsümini üstünlikli geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Galla meýdanlarynda bugdaý orýan kombaýnlar, awtoulaglar bökdençsiz işledilip, orlan bugdaý hasyly galla kabul ediş bölümlerine tabşyrylýar. Bugdaýdan boşan meýdanlarda geljekki ekiş möwsümi üçin sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda häzirki günlerde ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hatarara bejergi, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, içerki bazarlarymyzy bu önümler bilen bolelin üpjün etmek boýunça işler dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we gysga wagtda geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, galla oragyny ýokary hilli we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, orakda ulanylýan oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş bölümleri bökdençsiz işledilýär. Galla oragyndan boşan meýdanlary indiki möwsüme taýýar etmek üçin sürüm işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýetişdirilen ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de bu önümler bilen bazarlary bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda häzirki günde suw tutmak işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edip, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünden peýdalanmak, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi tamamlanyp, häzirki wagtda gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işlerine girişildi.

Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işlerini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edip, bu ugurda ulanylýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, galla kabul ediş bölümlerini doly güýjünde hem-de bökdençsiz işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaýdan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, gant şugundyrynyň ekişi guramaçylykly dowam edýär.

Şeýle hem häkim welaýatda Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu işlere gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz, sazlaşykly işledilmegi babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk ekinlerine ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly, şol sanda bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatlarda bu ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilatymyza ýetirmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda örän jogapkärli hem-de möhüm möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi we orak möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň bökdençsiz, sazlaşykly işledilmegini, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň öz wagtynda, talabalaýyk geçirilmegini, gowaça idegiň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hormatly Prezidentimizi Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle-de Gurban baýramy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.