Habar

2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Gazagystanly kärdeşleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Maliýe ministrliginiň arasynda deslapky maglumat alyş-çalşyny guramak baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen işlenip düzülen Maglumat alyşmak üçin Tehniki şertleriň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, kärdeşler maglumat alyşmagy ýola goýmak üçin zerur guramaçylyk we tehniki çäreleriň toplumyny, tehniki şertlerde göz öňünde tutulan maglumat alyş-çalyşyň hukuk esaslaryny, şeýle hem maglumat alyşmagyň programma üpjünçilik gurallarynyň meselelerine garadylar.