Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gönüden-göni miwesi bolan «Arkadagly Ýaşlar» atly çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnalynyň 6-njy sany okyjylara ýetirildi.
Daşky sahabyny iýun aýynyň esasy wakalaryndan ― çagalaryň tomusky dynç alşyndan, Medeniýet hepdeliginden we Ylymlar gününden suratlar bezeýän žurnalyň döredijiilk topary okyjylaryň ynamyny ödemek üçin yhlas edýär.
Ilkinji sahypalardaky «Ömrüň nusga ömürlere, Arkadag!» atly goşgy we «Ömürlere many çaýan Arkadag, döwrümizi Gün deý çoýan Arkadag!» atly makala Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan belent maksatly işlerine bagyşlanypdyr.
«Arkadag şäheri ― ýaşlaryň şäheri» diýlip atlandyrylan makala birinji tapgyry 29-njy iýunda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlen täze şähere bagyşlandy. Žurnalyň döredijilik işgärleri 1-nji iýunda bellenilen Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan makalada bu mesele babatynda döwletimizde alnyp barylýan nusgalyk işlere ünsi çekipdirler. Makala «Bagtyýar çagalyk ― belent ykbalyň gözbaşy» diýlip atlandyrylýar. «Haýyr işler rowaç bolsun, Arkadag!» atly makalada bolsa «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly täze kitabyň söhbedi edilýär.
Iýun aýy ýaşlar üçin juda möhüm şanly senä ― Ylymlar gününe beslendi. Hut, geçen aýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenip, ýeňijileri yglan edildi.
«Döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan köpri» atly makalada geçen aýda bellenilen Medeniýet hepdeligi barada gürrüň berilýär. Hepdeligiň öňüsyrasynda geçirilen «Awaza ― 2023» atly halkara tans we folklor festiwalynyň çeper beýany «Göwünleri birleşdiren festiwal» atly makalada özüne orun tapýar.
Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň guramaçy hökmünde gatnaşýan bäsleşikleriniň ýene biri bolan «Talyp joşguny ― 2023» döredijilik festiwalynyň jemleriniň jemlenendigi hem habar berilýär.
Žurnalyň täze sanyndaky rus dilinde berlen makalada kitaphanalar barada gyzykly maglumatlar paýlaşylýar. «Boýna zynat, göwne ganat» atly makalada türkmen zergärçilik sungatynyň aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.
«Daşary ýurt dillerini öwrenmekde ýaş aýratynlyklary» atly makalanyň köp sanly okyjylarda gyzyklanma döretjekdigini aýratyn nygtap bileris. Žurnalyň täze sanyndaky iňlis dilinde paýlaşylan makala otaglary sowadyjylaryň gyzykly taryhyna bagyşlanypdyr.
12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabatda geçirilen halkara tennis ýaryşy «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanynda hem öz beýanyny tapýar. Bu ýaryşa bagyşlanan makala rus dilinde taýýarlanylypdyr.
Okyjylar žurnalyň täze sanyndan Gurban baýramyna bagyşlanan täsirli makalany hem okap bilerler. Neşiriň täze sanynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan täsirli makalalaryň ýerleşdirilipdir.
Tomsuň esasy tagamlarynyň biri bolan buzgaýmagyň iňlis dilindäki taryhyny okamak hem okyjylar üçin gyzykly bolar. Gyzykly makalalaryň ýene birinde ekologiýany goramagyň halkara günleri barada gürrüň berilýär. Eger siz Ylymlar gününiň dürli döwletlerde bellenilişi bilen hem gyzyklanýan bolsaňyz, bu sowala hem žurnalyň täze sanyndan jogap tapyp bilersiňiz.
Žurnalyň ahyrky sahypalarynda hödürlenilýän tomus işdäaçarynyň taýýarlanylyşyny öý bikelerine maslahat berýäris. Žurnal adaty däbine görä, «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň nobatdaky ýeňijisi bilen hem tanyşdyrýar. Žurnaly eliňizden goýmazdan ozal Arkadag şäherine bagyşlanan goşgyny okap, bu şähere gaýybana syýahata alyp gidýän fotokollažy hem synlap bilersiňiz.
Üç dildäki žurnalyň täze sanyndaky her bir çykyş ýaşlaryň dünýäsine kybap suratlar bilen bezelipdir.