Habar

14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine garaldy. Gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň we onuň ileri tutulýan ähli ugurlarynda yzygiderli öňegidişlikleriň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir.

Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giň gerimli senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi, senagat desgalarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki desgalaryň gurluşyklary meýilnama esasynda alnyp barylýar.

Ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmet çekmegi, döwrebap dynç almagy we ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu maksatnamada göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde döwrebap obalar gurlup ulanmaga berilýär. Munuň özi obalaryň häzirki zaman ülňülerine laýyklykda hem-de şäher amatlyklarynyň göz öňünde tutulyp gurulmagyna örän jogapkärli çemeleşilýändigini görkezýär.

Adam we onuň abadan durmuşy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagalla edýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň geçen alty aýynda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde maýa goýumlar özleşdirildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny amala aşyryp, sebitlerde düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda diňe bir ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem, Watanymyzyň ähli künjeklerinde-de gysga wagtyň içinde binagärlik toplumlary, döwrebap edara binalary, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, häzirki zaman enjamlary we tehnikalary bilen enjamlaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän iri kärhanalar gurlup ulanmaga berilýär. Bu desgalarda milli binagärlik däpleri bilen şähergurluşyk babatda dünýäniň häzirki zaman tejribesiniň öz beýanyny tapýandygyny bellemek gerek. Munuň özi milli gurluşyk pudagynyň döwrüň talaplary we iň gowy dünýä tejribeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Gurluşyk toplumyna gönükdirilýän ägirt uly maýa goýumlar hem-de telekeçilik işini goldamak boýunça döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Hökümet mejlisindäki hasabatlarda beýan edilen maglumatlara görä, şu ýylyň birinji ýarymynda Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 109,8 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça şu ýylyň alty aýynda önümleri öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 110,9 göterime deň boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän taslamalar gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösüşini üpjün edýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Mälim bolşy ýaly, döwrüň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän bu ägirt uly taslamanyň gurluşygyny iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kärhanalarynyň işjeň gatnaşmagynda şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Şunda gurluşyk pudagynyň telekeçilik işiniň okgunly ösýän ugurlarynyň biridigini bellemelidiris. Toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işine işjeň gatnaşmak bilen, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýarlar.

Ýurdumyzyň taryhynda ýerli gurluşykçylar tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk “akylly” şäheriň gurulmagy Türkmenistanyň ýokary ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasy boldy. Täzeçil gurluşyk taslamasynyň “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylmagy uzak geljegi nazarlaýan iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini äleme ýaýdy.

Innowasion şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgasy hökmünde ykrar edilen bu şäher häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny we dünýäniň şäherleri gurmak boýunça iň täze meýillerini, milli binagärligiň iň gowy däplerini hem-de gazananlaryny özünde jemleýär. Gurluşygynda öňdebaryjy maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary ulanylan Arkadag şäheriniň halkara guramalaryň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň güwänamalarydyr diplomlarynyň birbada 21-sine mynasyp bolmagy tötänden däldir.

Täze görnüşdäki şäheriň taslamalaryny taýýarlamak işlerine ýaşlaryň işjeň çekilendigini hem bellemelidiris. “Akylly” şäheriň özboluşly binagärlik çözgütleri we onuň sanly platformasynyň işlenip taýýarlanylmagy ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini, täzeçil pikirlerini we tekliplerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin özboluşly mekdep boldy. Munuň özi Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmak arkaly ylmy-tehnologik, intellektual mümkinçiliklere esaslanýan sanly ulgama geçmegiň milli usulynyň işlenip taýýarlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigini hem nygtamaly. Munuň özi döwletimiziň bu ugurda alyp barýan ägirt uly işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadag şäheriniň köp sanly desgalarynyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagynyň esasy talaplaryň biri bolandygy tötänden däldir. Bu bolsa şäheriň ilaty üçin amatly ekologik gurşawy emele getirýär. Ähli binalar we desgalar, şol sanda iki we köp gatly ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik, bilim, saglygy goraýyş, medeni maksatly desgalar, sport merkezleri, inženerçilik ulgamlary dünýä ülňülerine laýyklykda guruldy. Olaryň ählisi seýsmiki durnuklylyk, ygtybarlylyk talaplaryna doly laýyk gelýär.

Gözelligi we gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken “akylly” şäher açylan ilkinji gününden başlap, möhüm iri çäreleriň, şol sanda “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilen ýerine öwrüldi. Forumyň çäklerinde guralan sergide daşary ýurtly myhmanlar şäherleriň we sebitleriň durmuş ulgamynyň guralmagyna, gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine gönükdirilen täzeçil tehnologiýalar, geljegi uly we sazlaşykly ösýän pudaklaryň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynda, energetika, himiýa pudaklarynda, ýol gurluşygynda amala aşyrylýan özgertmeler bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine yzygiderli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daşary ýurt kompaniýalarynyň köp sanlysynyň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän bu giň gerimli sergi gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň dialogy, iň täze innowasion işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň tejribede ulanylyşy babatda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi pudagynda tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança öwrülendigini aýdyň görkezdi.

Şu ýylyň maý aýynda guralan nobatdaky sergide Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary — “Bouygues Turkmen”, «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret», «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom», «Çalik Enerji Sanayi we Tijaret A.Ş.» kompaniýalary, «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň şekil taslamalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezdi. Şolarda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýol gurluşygy, dynç alyş ulgamy ýaly ugurlar öz beýanyny tapdy. “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan şäher metrosynyň şekil taslamasy sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Sergä gatnaşýan gurluşyk kärhanalarynyň hatarynda “Ojar Aziýa”, “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik”, “Baýly-gurluşyk”, “Ajaýyp-gurluşyk”, “Nur bina” we beýlekiler bar. “Ak bulut”, “Sapaly jaý”, “Erjel Begenç”, “Ukyply kärdeşler” ýaly türkmen kompaniýalary bar. Ýurdumyzyň gurluşykçylary häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňülerini giňden ornaşdyryp, bina edilýän ähli desgalary degişli kommunikasiýalar bilen üpjün edýärler.

Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär, durmuş maksatly desgalar, edara binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary ulanmaga berilýär. Dünýä meýillerine laýyklykda, ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen düzümlere degişli bolan taslamalara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa şäherde amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge, tebigaty goramak meselelerini oýlanyşykly çözmäge mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne giň gerimli taslamalar mahsusdyr. Köp gatly döwrebap binalar gurulýar, şäherleri täze ajaýyp künjekler bezeýär, iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzak aralyklara, müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň we sebitleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolan ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürýän pudak döwlet goldawyny hem alýar.

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiliginiň ösdürilmegini şertlendirdi. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmaga gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Döwlet Baştutanymyz täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şu ýylyň fewralynda tassyklanan ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik desgalarynyň gurluşygyna 20 milliard 800 million manat möçberde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirildi. Bu bolsa ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 55,6 göteriminden ybaratdyr. Durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna 16 milliard 600 million manat möçberde düýpli maýa goýum serişdelerini gönükdirmek bellenildi. Munuň özi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 44,4 göterimine barabardyr.

Awtomobil ýollarynyň, aragatnaşyk, suw, gaz, elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň, lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna ep-esli serişde goýberildi. Aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we täze tehnologiýalary talap edýän desgalaryň, şol sanda awtobanlaryň, köprüleriň, köp zolakly halkalaýyn awtomobil ýollarynyň, ýerasty geçelgeleriň, ýollaryň ugurlaryndaky köp derejeli çatryklaryň gurluşyklaryna barha möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň fewralynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi.

Häzirki wagtda täze awtomobil ýollaryny gurmak hem-de ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar döwrebap ulag-logistika ulgamyny döretmek, yklymda möhüm üstaşyr ulag geçelgesine öwrülen döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýediginiň ýene bir subutnamasydyr.

Şeýlelikde, dürli ugurlarda ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirýän Türkmenistan durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmek bilen, dünýäniň ähli döwletlerine mynasyp görelde görkezýär.