Habarlar

“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi
5 Maý
“Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi

    Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar. 

    Biraýlygyň çäklerinde zähmet toparlarynyň, okuw mekdepleriniň işgärleri, sportuň toparlaýyn we şahsy görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşyp, futbol, woleýbol, basketbol oýunlary, ýeňil atletika, milli göreş we sportuň beýleki görnüşleri boýunça iň güýçlüleri kesgitlediler. Iň ýokary netijeleri görkezenlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

    Dabaranyň dowamynda görkezme çykyşlary guraldy. Aşgabadyň sport mekdeplerinde tälim alýanlar erkin göreş we gimnastika boýunça başarnyklaryny görkezdiler. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary köpöwüşginli sazly sport çykyşyny tomaşaçylara hödürlediler. 

turkmenistan.gov.tm