Habarlar

Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy
14 Maý
Hormatly Prezidentimiz “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşdy

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine diňe bir ak pata bermän, eýsem, özi hem onuň saýlama tapgyrlaryna gatnaşdy, onuň barşynda şol halkara ýaryşa Türkmenistandan gatnaşjak ýygyndy toparlar kesgitlenildi.

    Ýaryşlaryň saýlama tapgyryna ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

    Bu gün hem ýaryşyň saýlama tapgyrynyň barşynda milli Liderimiziň dolandyrýan awtoulagy uly tizlikde çöllük ýerleriň päsgelçiliklerini ýokary tizlik bilen geçdi.

    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kesgitlenen menziliň dowamynda sport ulagyny okgunly sürmegiň usullaryny ulanyp, ulagyň emel mümkinçiliklerini peýdalandy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanýan hormatly Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň netijesidir.

    Ine, bu gün hem döwlet Baştutanymyz ýolsuz ýerlerde ýaryş awtoulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz bellenilen aralygy geçip, çylşyrymly dolandyrylýan ýagdaýynda mümkin bolan iň ýokary tizlikde öwrümleri geçmegi başarmakda ulagy sürmegiň owadan tilsimini görkezdi.

    “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşlaryna Türkmenistan tarapyndan gatnaşjak toparlar kesgitlenildi. Olar ýurdumyzyň sport durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan halkara ýaryşlara gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň has-da ýokary göterilmegine mynasyp goşant goşarlar.

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil sporty boýunça toparlara ak pata berip, olara öňde boljak bäsleşiklerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

    “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini guramak boýunça döwlet derejesinde alada edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ösdürilmegine başlangyçlar bilen çykyş edip, oňa ýokary derejede çemeleşýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

tdh.gov.tm