Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň we Daşoguz pagta egiriji fabriginiň bilelikde guramagynda "Türkmenistanyň Halk Maslahaty-Milli demokratiýanyň dabaralanmagy" atly maslahat geçirildi.
Maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň", Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen kararlar dogrusunda birnäçe çykyşlar edildi. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysynyň çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamyndaky eýeleýän orny hakynda belläp geçdi. Şeýle hem hususy pudagyň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegindäki ähmiýeti dogrusynda aýdylyp geçildi. Bulardan başga-da Gümrük gullugynyň enjamlaýyn binýadynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde eksport we import amallarynyň amala aşyrylmagynda dörän ýeňillikli şertler dogrusynda bellenip geçildi. Soňra Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysynyň, Daşoguz pagta egriji fabriginiň Kärdeşler Arkalaşygynyň agzasynyň çykyşlary diňlenildi. Olar öz çykyşlarynda "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda" ýurdumyzda dokma senagat pudagynyň ösüşi we eksportda döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda belläp geçdiler.