Habar
16-njy maýda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Bu dabara mynasybetli Daşoguz welaýat gümrükhanasynyň döwrebap edara binasynda “Ulag-üstaşyry ösdürmegiň möhüm ähmiýetleri” barada maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, gümrük serhediniň üstünden haryt dolanşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri döretmek baradaky wezipesini yerine yetirmek bilen işleriň durmuşa geçirilýänligi bellenip geçildi.