Habar

2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky 2142-nji karary esasynda döredilen Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň işine Pudagara toparyň düzümine girýän ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň we jemgyýetçilik birleşmeleriň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda, Gullugyň Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşmeleri bilen bilelikde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ýurdumyzda üstünlikli ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem, Pudagara toparynyň düzümine girýän ygtyýarly edaralar tarapyndan Ulgamy ornaşdyrmakda ösüş derejeleri barada çykyş edilip, bu babatda pikir alşyldy. Mundan başga-da, mejlisde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri çagyrylyp, kadalaşdyryjy hukuk namalary has-da kämilleşdirmegi hem-de pudagara elektron aragatnaşygy sazlamak barada çykyşlar edildi.

Şeýle hem, mejlisde «Eksport-import amallary üçin bir penjire» Taslama resminamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ileri tutulýan meseleler bellenildi we bu ugurda anyk çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda, mejlise gatnaşyjylar ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakda dowamly goldaw-hemaýatlary berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.