Habarlar

Türkmenistanda ÝHHG-niň sebit maslahaty geçýär
31 Maý
Türkmenistanda ÝHHG-niň sebit maslahaty geçýär

    Paýtagtymyzda “Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk — ÝHHG-niň sebitinde öňdebaryjy amalyýet” atly ministrler derejesindäki sebit maslahaty öz işine başlady. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň hem-de ÝHHG-ä agza döwletleriň wekilleri gatnaşdylar. 

    Forum köptaraply gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin özboluşly çärä öwrüldi. Forumyň esasy maksady ykdysady dolandyryş ulgamynda syýasy gepleşiklere ýardam bermek arkaly sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Şol wezipeleriň hataryna söwda işlerini ýönekeýleşdirmek babatda öňdebaryjy tejribäni alyşmak, ulag ulgamyny ösdürmek hem-de serhet we gümrük hereketlerini sazlaşdyrmak, san bilen belgilemekde hem-de ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda iň täze işläp taýýarlamalar arkaly sebit üstaşyr geçirmegi gowulandyrmak meseleleri girizildi.

    Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, özara baglanyşyga ýardam bermek halkara söwdany hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny höweslendirýän ykdysady işlerde zerur bolan dolandyryş ulgamyny talap edýär, diýmek, durnukly ösüşi üpjün edip biler. Milli ykdysadyýetleriň goşulyşmagynyň ösmegi ulag ulgamynyň we gümrük işleriniň ylalaşyklylygynyň, açyklygynyň hem-de öňünden kesgitlemek mümkinçiliginiň, söwda we işewürlik düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň ähmiýetini artdyrýar.

    Pikir alyşmalaryň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň güýçli bazarlaryň döredilmegine, söwdanyň we maýa goýumlaryň höweslendirilmegine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň dünýä hojalyk aragatnaşyklary ulgamyna has-da goşulyşmagyna hemaýat bermegine hem-de düýpli ykdysady özgertmeleriň öňe ilerledilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Bu ýere ýygnananlar orta we uzakmöhletli geljek barada aýdyp, şu ýagdaýlaryň amatly görünýändigini nygtadylar. Çünki sebitiň tebigy we zähmet serişdelerine isleginiň artmagyna garaşylýar. 

    Şu babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de söwda, gümrük amallary boýunça işleri utgaşdyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetleriň üstünlikli ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

turkmenistan.gov.tm