Habar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde Watanymyzyň goranmak ukybyny berkitmek, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertleri döretmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hasabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň degişli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary üstünlikli geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň ygtybarly kepili hökmünde çykyş edýän Harby doktrinanyň ileri tutulýan wezipelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ýaş serkerdeleriň we çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik çärelerini yzygiderli guramagyň möhümdigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Baş prokuror S.Mälikgulyýew şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmek boýunça degişli maksatnamany durmuşa geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunylygy üpjün etmek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramak üçin anyk çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk ýerine ýetirilmegine ygtybarly prokuror gözegçiliginiň amala aşyrylmagy boýunça öňde durýan wezipeleriň anyk berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekip, Baş prokurora bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow garamagyndaky düzümleriň jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak, jenaýatçylyga garşy göreşmek we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ministrligiň işgärleriniň netijeli gullugy, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler, hasabat döwründe ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada habar berildi.

Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy, däp bolşy ýaly, sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, öňde goýlan wezipeleri takyk ýerine ýetirmek üçin döwrebap usullary, sanly ulgamy işjeň ulanmagyň wajypdygyny belledi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek hem gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde, döwrüň häzirki ýagdaýyny nazara alyp, düzümleýin bölümleriň işini döwrebaplaşdyrmak we durmuş maksatly meseleleri yzygiderli çözmek babatda ministre birnäçe görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, ministre bellenen ähli çäreleriň, aýratyn-da, paýtagtymyzda we welaýatlarda ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak, ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary barada habarlylygyny ýokarlandyrmak babatdaky çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ulanmagyň hasabyna milli kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada-da aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamy ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajypdygyny belledi. Bu ugurdaky ähli işler kanunçylygyň berk berjaý edilmegine, adalatlylyga we hukuk tertibiniň berk ýerine ýetirilmegine, düzgün bozulmalaryň ýüze çykmagynyň sebäplerini, şertlerini aradan aýyrmaga gönükdirilmelidir. Kazyýet ulgamynyň netijeli işlemegi üçin işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreler yzygiderli geçirilmelidir, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylmalydyr diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady we Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe milli howpsuzlyk edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler, edara üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramagyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny üpjün etmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň ministrligiň işiniň möhüm ugurlarydygyny nygtap, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň sekiz aýynda Watanymyzyň serhetlerini goramak boýunça ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem şu ýylyň awgust aýynda Hazaryň kenarynda Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, serhet goşunlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, serhet birikmelerini öňdebaryjy harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmegiň, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, has möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply, ýokary söweşjeň tälimli serkerdeleri taýýarlamagyň ýerine ýetirilmeli işleriň ileri tutulýan ugurlarydygyna ünsi çekdi. Biziň serhetlerimiz goňşy ýurtlaryň ählisi bilen dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň serhetleri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Serhetçileriň ygtybarly gullugy üçin amatly şertleriň döredilmeginiň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, milli kanunçylygy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmegiň hasabyna ony hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, bitewi sanly ulgamy döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini yzygiderli öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, kanunlary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen, hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny yzygiderli seljermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu gullugyň işini kämilleşdirmek, döwrebap iş usullaryny we sanly ulgamy ulanmak boýunça yzygiderli amala aşyrylýan çäreler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Ýewraziýa yklymynda Watanymyzyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna bu edaranyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak bilen baglanyşykly tabşyryklar berildi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, bu edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, onuň işinde innowasion usullary we döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydyr hem-de dünýäniň döwletleridir halklary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Şu ýörelgelerden ugur alyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir. Bellenilişi ýaly, bu doktrinada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.