Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Prokuratura edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
26 Iýun
Türkmenistanyň Prezidenti Prokuratura edaralarynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda berkarar döwletimiziň prokuratura edaralary kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň hemmeler tarapyndan takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyryp, jemgyýetimizde kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün edýärler – diýip hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gutlagynda bellenilýär. 

Men Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiziň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň geljekde hem öz öňlerinde goýlan wezipeleri doly we birkemsiz ýerine ýetirip, üstlerine ýüklenen borçlary abraý bilen berjaý edip, prokuror gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyryp, halal zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn. 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, Prezident maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Döwletimiz prokuratura edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriň we maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, olaryň tutanýerli zähmet çekmekleri hem-de mynasyp dynç almaklary üçin ähli şertleri döretmek boýunça yzygiderli alada edýär. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi dowam ederis. 

Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, Garaşsyz, Bitarap döwletimizde kanunçylygy pugtalandyrmak we kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň hukuklaryny, döwletimiziň bähbitlerini goramak, ata Watanymyzy gülledip ösdürmek we mähriban halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly hem-de jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.