Habarlar

Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy
23 Iýun
Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy

Ahal welaýatynda, “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli çäre her ýyl ýurdumyzyň dürli sebitlerinde guralýar hem-de milli medeniýetimiziň aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklaryny äşgär edýär, adamlaryň ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary bilen tanyşmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam berýär.

Bu forum medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanylýar, şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, bu sene Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen birleşdirilendigini bellemek gerek.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda sungat ussatlarynyň konserti boldy. 

Çykyşlaryň dowamynda şirin owazlar, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlar, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Gahryman Arkadagymyzyň zamanasyny wasp edýän häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy.

www.turkmenistan.ru