Habarlar

Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belledi
28 Iýun
Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi belledi

Türkmenistan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi giňden belledi. Baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň taryhy künjeginde, şäheriň esasy ýollarynyň biriniň — beýik şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndan başlandy. Bu ýerde beýik akyldar şahyryň ýadygärligine gül desseleri goýuldy.

Açyk asmanyň astyndaky taryhy-çeper muzeýde — nesilleriň we döwürleriň arabaglanyşygyny, müňýyllyklaryň içinden geçip gelen belent ruhy medeniýetiň dowamlylygyny alamatlandyrýan paýtagtymyzyň “Ylham” seýilgähinde hem gül goýmak dabarasy boldy.

Soňra dabaralar Ahal welaýatynda dowam etdi, bu ýerde Medeniýet hepdeligi — 2018-iň ýapylyş dabarasy hem-de uly baýramçylyk konserti boldy.

http://tdh.gov.tm