Habar

     «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 27-nji sentýabrynda Döwlet Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygy ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçildi. Bu şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýöriş bolsa, Baş baýramymyzyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Her ýyl geçirilýän bu dabaraly harby ýörişden Döwlet gümrük gullugynyň serkerdeler batalýony hem özüniň owadan we nyzamly ädimleri bilen, ajaýyp taýýarlygyny we ýokary ussatlygyny görkezip  geçýärler. Ýurdumyzyň gümrük syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan gümrükçi harby gullukçylar Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişe aýratyn öwüşgin berdiler. Harby gullukçylaryň baýramçylyk ruhundaky nyzamly deň ädimleri olaryň beden we harby taýýarlyklarynyň ýokarydygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz – Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňünden şeýle batly gadamlar bilen «Halk, Watan,  Belent Serkerdebaşy» şygary astynda ruhubelentlik bilen geçmegiň özi ýokary dereje we uly bagtdyr. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyz – Hormatly Belent Serkerdebaşymyza şöhrat bolsun!