Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan, gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Hususan-da, pagta hasylyny kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragy düşürilýär. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Welaýatdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, oba saglyk öýleriniň we merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyşa talabalaýyk taýýarlanylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu günler welaýatyň oba hojalyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Hususan-da, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak arkaly kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary we ekiş gurallary doly güýjünde işledilýär. Sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär, gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem bilim we medeniýet ulgamlaryna degişli binalaryň, jemgyýetçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyş möwsümine taýýarlanylýar. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini aýtdy hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg, gögeriş suwuny tutmak işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin degişli işler geçirilýär. Ekişde degişli tehnikalardan, gurallardan netijeli peýdalanylýar. Pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek babatda zerur işler geçirilýär. Şunda pagta ýygýan kombaýnlar we beýleki tehnikalar talabalaýyk işledilýär. Pagta hasylyny kombaýnlaryň kömegi bilen gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda bökdençsiz geçirilýär. Mundan başga-da, welaýatda şaly oragyna girişilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamak işi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar.

Welaýatyň bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik düzümleriniň binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynda meýilnamalaýyn abatlaýyş işleri geçirilip, möwsüme doly taýýar edildi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga möhletde ýygnalyp alynmagyny hem-de şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ýygym möwsümi dowam edýär. Şunda ýygym işleriniň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Hususan-da, pagtany kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek işleri ýerine ýetirilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem şaly oragyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bilim we medeniýet edaralarynyň desgalarynyň, dolandyryş hem-de jemgyýetçilik ulgamlarynyň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary güýz-gyş möwsümine doly taýýar edildi. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bugdaý ekişiniň, ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pagta ýygymy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini, şaly oragyna gatnaşjak ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeler berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar we kadaly gögeriş alynýar. Bugdaý ekişinde degişli tehnikalaryň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegi üpjün edilýär. Dowam edýän pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek hem-de depginini güýçlendirmek maksady bilen degişli işler alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri geçirilýär. Şeýle hem pagtany kombaýnlar bilen ýygnap almak üçin gowaçalaryň ýapragyny düşürmek boýunça çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ilatyny oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak boýunça taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär.

Welaýatdaky binalaryň we desgalaryň, hususan-da, bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gyş möwsümine talabalaýyk taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly hem-de öz wagtynda alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gant şugundyryny ýygnamaga taýýarlyk görülmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, bugdaý ekişi dowam edýär. Ekiş geçirilýän meýdanlara mineral dökünleri bermek işleri geçirilýär. Ekiş bilen birlikde, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny, Daşoguz welaýatynda ekişden öň ýerlere tagt suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak, ýygnalýan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalarynda gije-gündiziň dowamynda kabul etmek hem-de hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek, tabşyrylan hasyl üçin pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Şeýle hem wise-premýer Daşoguz welaýatynda şaly oragyna girişilendigini habar berdi. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda şaly oragyna, Mary welaýatynda gant şugundyryny ýygnamaga başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda we ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.