Habar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Portlandsement Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri nah ýüplügi, ýorgan-düşek toplumlaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 137 million 190 müň manatdan gowrak bolan armaturany, polipropileni, nebit ýol bitumyny, elde dokalan halylary we nah ýüplügi satyn aldylar.