Habar

2023-nji ýylyň 24-26-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä gümrük guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen Hemişelik Tehniki komitetiniň 241/242-nji sessiýalaryna gatnaşdy.

Sessiýalara Bütindünýä gümrük guramasynyň başlygynyň orunbasary Ricardo Trevino Chapa başlyklyk etdi. Sessiýanyň açylyş dabarasyndan soňra şu ýylyň dowamynda Bütindünýä gümrük guramasynyň çäklerinde geçirilen konferensiýalaryň, sessiýalaryň hem-de ýygnaklaryň jemleri boýunça Guramanyň Sekretariatynyň wekilleri hasabatlary bilen çykyş etdiler. 

Ýygnanyşygyň dowamynda «Serhetleriň arasyndaky kadalaşdyryjy özara arabaglanyşyk», «Elektron söwda», «Söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek şertnamasy», «Ýaşyl gümrük» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Ýaşyl gümrük başlangyjy, utgaşdyrylan gurallar bilen üpjün etmek we tygşytly ösdürmek, gümrük gullugynyň işgärlerine we beýleki serhet gözegçilik edaralarynyň işgärlerine birnäçe guramanyň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygy arkaly bilim bermek we habarlylygy ýokarlandyrmak üçin mümkinçilikler döredýär. Gümrük edaralary, Ýaşyl gümrük başlangyjy boýunça berilýän utgaşdyrylan okuwlarynyň zerurdygyny we yzygiderli geçirilmegini teklip etdiler.

Sessiýalaryň dowamynda Gümrük edaralarynda sanly ulgamy hem-de tehnologiýany ösdürmek, gümrük işgärleriniň iş tejribelerini artdyrmak bilen bagly çykyşlar edildi. Şeýle-de gender deňligi bilen bagly, ýagny serhetýaka gözegçilik geçiriş ýerlerinde aýal maşgalalaryň sanynyň artdyrylmagy, hem-de gümrük barlagyny amala aşyrmakda tejribelerini artdyrmak bilen bagly çykyşlar edildi.