2023-nji ýylyň 7-9-njy noýabry aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA-10) guramagynda sanly tehnologiýalar arkaly okatmagyň usulyýeti boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri, Serhet institutynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlik karantini boýunça Döwlet gullugynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdy.
Okuw maslahatynyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar halkara bilermenleriň tanyşdyryşlary esasynda elektron okuw ulgamy boýunça Ýewropanyň tejribesi bilen tanyşdylar. Elektron okuw ulgamyny gümrük we serhet gulluklarynyň okuw edaralaryna ornaşdyrmak, şeýle hem şunuň bilen bagly mowzuklar boýunça elektron okuw modullary işläp taýýarlamak barada maslahatlaşmalar boldy.
Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezinde okuw işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip guramak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar. Okuw çärelerine welaýat gümrükhanalarynyň işgärleriniň hem gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, sapaklaryň sanly ulgam arakly gurnamak tejribesi hem ulanýarlar.
Şeýle halkara çärelere işgärleriň gatnaşmagy olaryň tejribesiniň artmagyna ýardam edýär.