Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, on aýyň dowamynda Mejlisiň maslahatlarynyň 4-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si, Mejlisiň kararlarynyň hem 42-si kabul edildi. Häzirki wagtda parlamentiň iş toparlarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, hereket edýän hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.

Halkara guramalar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin duşuşyklaryň 75-si geçirildi hem-de dürli döwletleriň ilçileriniň 24-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça geçirilen okuw maslahatlarynyň 90-syna gatnaşdylar, daşary ýurtlaryň 30-synda iş saparlarynda boldular. Bellenilişi ýaly, deputatlar giň jemgyýetçilige ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça dürli çärelere, şanly seneler mynasybetli guralýan forumlara we dabaralara gatnaşýarlar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy täze taryhy döwrüň möhüm ähmiýetli taslamalarynyň biri bolan Arkadag şäherini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan “Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda” Mejlisiň karary barada maglumat berdi. Karar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça kabul edilen resminama laýyklykda, degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 110,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Soňra wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wajyp wezipeleri nazara almak bilen, 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynyň esasy maddalary boýunça göz öňünde tutulan çykdajylar barada giňişleýin maglumat berildi.

Bellenilişi ýaly, durmuş ulgamyny ösdürmäge zerur bolan möçberdäki serişdeler gönükdiriler. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar. Düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme geçirmegiň, býujetiň girdejilerini artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, maýa goýumlary köpräk çekmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujeti barada aýdyp, bu resminamanyň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine iberýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, baş maliýe meýilnamasynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Mejlisine ibermek baradaky hata gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Wise-premýer “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasynyň 100 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasynyň 100,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasynyň 105,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasynyň 104,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasynyň 102,5 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň hem 109,8 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 108,5 göterim, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim berjaý edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirip, nebiti we gazy çykarmagyň möçberini artdyrmak üçin ähli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 102,8 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 102,9 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 101,4 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň boldy. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 224,3 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekinlerine ideg etmek işi dowam edýär. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.

Däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuny guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň açylyş dabarasy, mowzuklaýyn ylmy-amaly maslahaty, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýlerinde” geçiriljek dabaralary görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Hasyl toýy mynasybetli oba hojalyk toplumynyň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň hasylyna taýýarlyk işleriniň başlanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze ýyl ýerden ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegi, ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça-da zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreleriň, döwrebap athananyň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän gurluşyk we senagat toplumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça işleriň meýilnamasy 112 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,3 göterim berjaý edildi. Şu ýylyň on aýynda Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmatlary amala aşyrmagyň meýilnamasy 114,2 göterime deň boldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 103,7 göterime, ony daşary ýurtlara ibermegiň ösüş depgini bolsa 100,8 göterime deň boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan bahasy 1 milliard 985 million manada deň bolan önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama 100,8 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan 122 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan binalary we desgalary bellenen möhletinde ulanmaga bermek boýunça zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady. Ýaşaýyş jaýlarynyň, şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny depginli alyp barmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem wise-premýere ýurdumyzda energetika halkasynyň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygyny depginli alyp barmak, gurluşyk, energetika we senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmegi dowam etdirmek tabşyryldy.

Soňra wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ak mermerli paýtagtymyzyň keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat “Aziýanyň merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Aşgabat şäheriniň “Gurtly” ýaşaýyş toplumynda 30 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 16 sany 4 gatly, her biri 68 öýli ýaşaýyş jaýyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, seýilgähi hem-de ýaşaýyş toplumynyň içerki awtomobil ýollaryny we daşarky eltiji, içerki agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy hödürlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbi has-da gözelleşýär. Bagtyýar raýatlarymyz üçin döwrebap desgalar, binalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Aşgabat şäherinde döwrebap binalary, desgalary we awtomobil ýollaryny gurmak hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, şol resminamanyň ýerine ýetirilişine hem-de oňa laýyklykda geçiriljek gurluşyk işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,7 göterime, önüm öndürmegiň ösüş depgini 102,6 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah matalaryň öndürilişi 106,7 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişi 103,7 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 100,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň on aýynda 442 million 452 müň manada deň bolan maýa goýumlar özleşdirildi. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 249 birža söwdasy geçirilip, 25 müň 118 sany şertnama hasaba alyndy.

Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 116,6 göterime barabar boldy. Ýylyň başyndan bäri 20 sergi we 65 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça hasabat döwründe oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,6 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgini bolsa 110,6 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere bazarlarda hem-de dükanlarda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň elýeterli, bolelin bolmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe dürli forumlar, şol sanda festiwallar, döredijilik bäsleşikleri, mediaforumlar, sergiler, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, milli senenamamyzyň şanly senelerine bagyşlanan çäreler guraldy. Oktýabr aýynda Arkadag şäherinde V Wena baly, paýtagtymyzda “Galkynyş” türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň bilelikdäki konserti geçirildi. Şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleri, Türkmenistanyň ABŞ-nyň Albukerke şäherinde hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Buhara şäherlerinde Medeniýet günleri geçirildi. Şol döwürde Merkezi Aziýa ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Arkadagyň säheri” atly kinofestiwal hem-de meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Mukama siňen ömür” atly festiwal guraldy.

Şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergi barada habar berildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlaryň onlarçasynda geçirilen dürli medeni çärelere, festiwallara, forumlara, okuw maslahatlaryna gatnaşandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri giňden beýan etmäge döredijilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan çärelere häzirden taýýarlyk görülmegini we olaryň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini, ýurdumyzda baýramçylyk dabaralaryny we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň netijesinde bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň sebitlerinde çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilim edaralary dabaraly açyldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenen çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ähli çäreler üstünlikli geçirildi. Halkara ylmy maslahatlar we ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy, Ylmy-tehnologik merkezler hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki çäreler geçirildi.

Wise-premýer milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berip, geçen on aýyň dowamynda amaly lukmançylyga dürli keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylandygyny aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp baryldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 10 — 12-nji oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanyp, “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy maslahat hem-de “Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar” atly halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy guraldy.

Şeýle hem sporty we bedenterbiýäni ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlaryň 243-sine gatnaşyp, jemi 674, şol sanda 190 altyn, 194 kümüş we 290 bürünç medala mynasyp boldular. Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk toparynyň mejlisleri guralyp, bu möhüm sport çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin işler dowam etdirildi. Döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilip, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport babatda halkara resminamalaryň 40-syna gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Wise-premýere ýurdumyzyň ylmy edaralaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmak barada birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.

Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna, Bahreýn Patyşalygyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Katar Döwletine, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Wengriýa, Gyrgyz Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna döwlet, resmi we iş saparlaryny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň işine we ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň “С5+1” görnüşindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda bolmagynyň barşynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşdy.

Şu ýyl türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Täjigistan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna we Gazagystan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.

Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň we Wengriýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza saparlary boldy. Hormatly Prezidentimiz birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana bolan saparlary, ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Ýylyň başyndan bäri dürli derejede, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde duşuşyklar yzygiderli guralýar.

Türkmenistan şu ýylyň 31-nji oktýabry — 2-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynda başlyklyk etdi. Şeýle hem forumyň çäklerinde ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, bilelikdäki hökümetara toparlaryň nobatdaky mejlisleri, işewürlik maslahatlarydyr duşuşyklar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministrine ýylyň ahyryna çenli geçiriljek halkara çärelere, maslahatlara, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününi baýram etmäge taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 9-njy noýabrda Daşkentde geçirilen 16-njy sammitine gatnaşmagynyň jemleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejedäki duşuşykda beýan eden başlangyçlaryny we olardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen teklipler taýýarlanyldy.

Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek, YHG bilen hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek üçin “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň üstaşyr ulag gatnawlary boýunça Çarçuwaly ylalaşygyny” hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak boýunça degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň sammitdäki çykyşynda serhetýaka we sebit söwdasyny ösdürmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerini doly ulanmak baradaky meselä deglip geçildi. Bu babatda ýurdumyz goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä-de, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek we şu maksat bilen, YHG-nyň hünärmenlerini çekmek boýunça teklip beýan edildi. “Türkmenistanyň 2024-2025-nji ýyllar üçin syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri çözmek babatda Mary şäherini 2027-nji ýylda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty” diýip yglan etmäge gönükdirilen çäreleri görmek teklip edilýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň halkara we sebit guramalarynda, hususan-da, YHG-da wekilçilik etmegine degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we gurama agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler, hususan-da, guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz B.Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky, şol bir wagtda, Sloweniýa Respublikasyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky we Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýewi belledi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesine M.Kuliýewa bellenilip, ol Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine M.Çaryýew bellenilip, ol şol institutyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe şu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 122,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 106,3 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,2 göterime deň boldy. Hasabat döwründe “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 108,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 118,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 209,2 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 107,1 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 111,5 göterime barabar boldy.

Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumy üçin niýetlenen önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda daşary ýurtlar bilen ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri boýunça bilelikdäki iş toparlarynyň mejlisleriniň netijeleri barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gözegçilik edýän edara-kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeler, ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş, saglyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary we beýleki ençeme desgalar bar. Bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary döwrebaplaşdyrylýar. Ýylyň tamamlanmagyna az wagt galdy. Şoňa görä-de, şu ýyly üstünlikli jemläp, 2024-nji ýyly gowy netijeler bilen garşylamak üçin, galan wagtyň içinde zerur bolan işleri geçirmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, 12-nji noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden belleniljekdigini aýtdy. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmetini görkezýän rysgal-berekediň baýramydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we mähriban halkymyzy, zähmetsöýer hasyl ussatlarymyzy bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, rysgal-bereket, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we Hökümet agzalarynyň el çarpyşmalary astynda ildeşlerimizi Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.