Habar

2023-nji ýylyň 14-15-nji noýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Türkmenistanyň, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan Respublikalarynyň degişli pudaklary boýunça wekilleriniň gatnaşmagynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA-10) Utgaşdyryjy toparynyň 3-nji maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler ministrlikleriniň, Döwlet serhet, Döwlet migrasiýa gulluklarynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinar we Döwlet karantin gulluklarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde Maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlendi we geljek ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýet ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň dogrusynda çykyşlary diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda, Maksatnamanyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli sergi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň BOMKA-10 Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde ýerine ýetirilen işler barada aýdylanda sebit we ýurt derejesinde geçirilýän köp sanly okuw çärelerini, serhetýaka gümrük nokatlarynda amaly okuwlary, maslahatlary, duşuşyklaryň bellemek gerek. Şeýle çäreler gümrük işgärleriň tejribesini artdyrmak bilen birlikde, halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda işlenip taýýarlanýan gümrük işi babatda mobil goşundy hem bu hyzmatdaşlygyň çäginde uly taslamalaryň biridir.