Habar
oops

08.12.2023

«Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşyjylara

Lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşyjylar!

Siziň ähliňizi «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu maslahatyň halklarydyr döwletleri jebisleşdirýän Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 28 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmegine biziň ýurdumyza bolan belent hormatyň, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we ynsan saglygyny goramak babatda alyp barýan işlerimiziň ykrar edilmegi hökmünde garaýarys. Dünýäniň 120 döwletini özüne birleşdirýän Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň arasynda pandemiýa hem-de pandemiýadan soňky dikeldiş döwründe toplanan tejribelere esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da berkitmek we işjeňleşdirmek, hususan-da, lukmançylyk, sanitariýa ugurlary boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda bu maslahatyň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň orny eýeleýär hem-de häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga giňden gatnaşýar. Biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Biz halkara gatnaşyklarda Goşulyşmazlyk Hereketiniň ählumumy parahatçylygy, dostlugy, ynanyşmagy pugtalandyrmaga, belent ynsanperwer gymmatlyklary dabaralandyrmaga gönükdirilen esasy ýörelgelerine pugta eýerýäris. Bu düzümiň gözbaşynda duran hem-de Ýer ýüzünde parahatçylyk, howpsuzlyk meselelerini halklaryň ykdysady taýdan gülläp ösüşi, abadan, bagtyýar durmuşy bilen mäkäm baglanyşdyran görnükli döwlet Baştutanlarynyň we işgärleriniň, dünýä derejeli syýasy liderleriň ýörelgelerine, aýratyn-da, guramanyň ýokary derejeli duşuşyklarynda, maslahatlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňüni alyş, ulag, daşky gurşaw we ekologiýa, suw, medeniýet, lukmançylyk diplomatiýalary, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatda öňe süren hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolan başlangyçlarydyr taglymatlaryna hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, halklary ýakynlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýän möhüm şertler hökmünde garaýarys. Pandemiýa döwründe adamzadyň gabat gelen örän ýiti meseleleriniň özara baglanyşykly çözgütleri babatda öňe sürlen taryhy tekliplerdir başlangyçlar Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň garaýyşlarynyň bitewüdigini, aýgytlydygyny we berkdigini, belent ynsanperwer taglymlaryň tutuş adamzat üçin gymmatlydygyny görkezdi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Milli saglygy goraýyş ulgamyny innowasiýa taýdan döwrebaplaşdyryp, lukmançylyk we derman senagatyny, ýerli çig malyň esasynda bejeriş serişdelerini, lukmançylyk maksatly önümleri öndürmegi işjeň ösdürmekde, häzirki zaman lukmançylyk we sanitariýa edaralaryny bina edip, ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde ýurdumyzda halkara ykrarnama mynasyp bolan tejribe toplandy. Biz daşary syýasy strategiýamyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlary we dünýä döwletleri, iri halkara institutlar, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygy täze mazmunly gatnaşyklar esasynda has-da işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup çykyş edýäris. Dünýäniň köp sanly döwletinden, abraýly halkara guramalardan görnükli lukmanlaryň, alymlaryň, bilermenleriň, lukmançylyk bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu maslahat hem uly gyzyklanma bildirilýän we ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatyna gatnaşýan hormatly adamlar!

Sizi «Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy» atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.