Habar

Hormatly nebitçiler, 

gazçylar we geologlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar.

Gadyrly nebitgaz, geologiýa 

pudaklarynyň zähmetsöýer işgärleri!

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny hem-de gaz geçiriji ulgamlaryny döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin köp işler alnyp barylýar. Hususan-da, Garaşsyz Diýarymyzyň günorta-günbatarynda birnäçe täze nebitli ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini we gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.

Gadyrly nebitçiler, 

gazçylar we geologlar!

Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar. Bu käni tapgyrlaýyn özleşdirmegiň türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde geljegi uludyr. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda biziň bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly isleg bildirýärler. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Ýurdumyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge uly üns berilýär. Soňky ýyllarda berkarar döwletimizde birnäçe döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Watanymyzyň edermen nebitçileri, 

gazçylary we geologlary!

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Bu bolsa ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmek bilen baglydyr. Şoňa görä-de, nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary, sanly çözgütler esasynda iş alyp barmak zerurdyr. Ýurdumyzda bu ugurda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy guwandyryjydyr.

Hormatly ýangyç-energetika 

pudagynyň işgärleri!

Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik talaplara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmek öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistan ýaňy-ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň belent münberinden Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Ýurdumyz bu borçnamadan gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek babatda halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirer. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hem bu borçnamalary üstünlikli amala aşyrmaga saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Hormatly nebitçiler, 

gazçylar we geologlar!

Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar BERDIMUHAMEDOW.