Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda döredilen «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň degişli wekilleri işjeň gatnaşdylar. «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň taslamasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy hem-de BMG-nyň Söwda we Ösüş Konferensiýasy bilen bilelikde taýýarlanyldy. Bu taslama ýurdumyzyň daşary ykdysady işine gatnaşýan 16 sany ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eksport-import amallary bilen bagly hyzmatlaryny sanly ulgam arkaly bir ýerde jemleýär.
Pudagara toparynyň mejlisiniň çäginde, «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamynyň işe girizilmegi bilen bagly çäreler hem-de Pudagara toparynyň düzümine girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri barada çykyşlary guraldy.
Ýakynda işe girizilen «Bir penjire» ulgamy arkaly ýurdumyzyň daşary söwdasynda harytlaryň eksportynda we importynda gümrük amallarynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna, kagyz resminamalaryny azaltmaga, raýatlara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga hem-de gümrük işinde sanly mümkinçilikleriň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik döretdi. Bu bolsa harytlaryň eksport möçberiniň artmagy bilen bagly, ýurdumyzdan daşary söwda dolanşygynyň ýokarlanmagyna uly itergi berer.
Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny aýtdylar.