Habar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Bu gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, müňýyllyklardan gözbaş alýan hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýar.

Pursatdan peýdalanyp, Eýranyň Prezidenti özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge ägirt uly şahsy goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde, däp bolşy ýaly, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak esasynda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barlyp, hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Muňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly goňşy ýurda amala aşyran saparlary gönüden-göni ýardam edýär. Şol saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin iki tarap hem uly tagalla edýär. Biz bu gün birnäçe ugurlarda anyk netijeleriň gazanylýandygyny görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.

Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň wajyp ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenildi. 17-18-nji noýabrda Aşgabatda bu toparyň 17-nji mejlisi geçirildi. Şeýle hem onuň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi, Türkmen-eýran işewürlik maslahaty guraldy.

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen-eýran söwda-ykdysady gatnaşyklary esasy üç ugurda işjeň alnyp barylýar. Tebigy gaz pudagy onuň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda türkmen tebigy gazyny Eýrana we onuň çäklerinden “swap” görnüşinde üçünji ýurtlara ibermek meselesi barada bellemek bolar. Elektroenergetika pudagy-da türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ulag ulgamy hem döwletara gatnaşyklaryň ösmeginde uly orun tutýar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz bu ulgamda Eýran bilen özara hereketleriň giňeldilmegine hem-de ýük gatnawlarynyň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, awtomobil ýollaryny gurmak babatda bilelikde işlemegiň oňyn tejribesiniň toplanandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda uly orun eýeleýändigini nygtap, ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, wekiliýetleriň özara saparlarynyň yzygiderli guralmagy, döredijilik duşuşyklary we maslahatlar iki dostlukly goňşy halkyň taryhy-medeni, ylmy-edebi mirasyny wagyz etmäge ýardam berýär. Şunda 2024-nji ýylda tutuş dünýäde uly sarpa goýulýan görnükli türkmen şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna guraljak bilelikdäki möhüm çärelere üns çekildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.