Habar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Mejlisiň deputatlary tarapyndan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okaýan diňleýjileriň nazary okuwlarda alan bilimlerini iş ýüzünde berkitmek maksady bilen, önümçilik-tejribe okuw sapaklary geçirildi. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda yzygiderli alnyp barylýan çäreler barada habar berildi. Mejlisiň deputatlary Türkmenistanda Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça Aziýanyň ösüş bankynyň geňeşçileriniň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekilleriniň geçiren iş duşuşygyna, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Türkmenistandaky wekilhanasynyň geçiren “Halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny milli derejede ornaşdyrmakdaky meseleler hem-de olary milli kanunçylyga ornaşdyrmagyň netijeli guraly” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Şeýle hem Mejlisiň deputatlary döwlet syýasatyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň, gazanylýan üstünlikleriň, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek, kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, kabul edilýän kanunlaryň döwletimiziň ösüş maksatlaryny beýan etmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, öňde goýlan wezipeleri nazara almak bilen, meýilnamalarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini, milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, döwrebap sanly tehnologiýalary mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmak, Döwlet býujetini üstünlikli ýerine ýetirmek, maýa goýum syýasatyny kämilleşdirmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar. Geçirilýän işlerde halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyga, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, degişli kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işi hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr diýip belledi we wise-premýere milli ykdysadyýetimiz bilen bagly işleri yzygiderli kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi. Taýýarlanylan iş meýilnamalaryna laýyklykda, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň öňünde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy we ugurdaş gazy, nebiti, gaz kondensatyny çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, türkmen tebigy gazyny, nebiti gaýtadan işlemekden alnan önümleri daşarky bazarlara eksport etmek wezipeleri goýuldy. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde nebite we gaza baý gurluşlary ýüze çykarmak, gaty magdanlary we ýerasty suwlary gözlemek, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak wezipeleri durýar.

Nebitgaz toplumynda täze iş orunlaryny döretmek, ylmy açyşlary we oýlap tapyşlary önümçilige ornaşdyrmak bilen bir hatarda, toplumda ýaş hünärmenleriň ylmy işler bilen meşgullanmagy, hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmegi, halkara tejribäni öwrenmegi baradaky çäreler göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, alnyp barylýan energetika syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynyň yzygiderli ösýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere jogapkärli çemeleşmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, gowaçanyň we beýleki ýazlyk ekinleriň ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmak, kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şeýle-de maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak, olary dok we ýyly gyşlatmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere işiň talabalaýyk guralyşyna gözegçiligi has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilimli, sagdyn, giň gözýetimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleri döretmek babatda nusgalyk işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän orta mekdebi, 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmaga we onuň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde guruljak 1200 orunlyk döwrebap orta mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere bu ugurda degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, olary dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bu ulgamyň işiniň guramaçylyk-hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda ekologik taýdan arassa önümleriň köp görnüşlerini öndürýän dokma kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar, pudagyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Öndürilýän önümleriň aglaba bölegi daşary ýurtlaryň bazarlaryna iberilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň dokma pudagynyň okgunly ösýändigini belledi. Täze tehnologiýalar önümçilige giňden ornaşdyrylýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere halkara tejribeden ugur alyp, dokma senagaty pudagynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýokary derejedäki çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. Medeni çäräniň çäklerinde konsert, türki halklaryň suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Gadymy Änew şäheriniň adamzat medeniýetiniň gülläp ösen merkezleriniň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu şäher asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär we gadymy döwürlerden bäri tutuş Ýer ýüzünde bellidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli bilim ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär, ýaşlaryň ylym, döredijilik bilen meşgullanmaklary, halkara bilim giňişliginde ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

“Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda”, bilim ulgamy boýunça kabul edilen konsepsiýalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, şu ýylyň 3 — 8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, 15 — 20-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde II Açyk halkara informatika olimpiadasyny, 19-njy aprelde bu ýokary okuw mekdebinde informatika dersi boýunça meýilleşdirilýän bäsleşigiň çäklerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda hem-de halkara bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek babatda toplanan tejribä daýanyp, şol olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Italiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň, beýleki birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Bu olimpiadalarda ýeňiji bolan talyplary dürli derejeli medallar we diplomlar bilen sylaglamak meýilleşdirilýär.

Halkara bäsleşikleriň geçirilmegi ýurdumyzyň halkara ylym we bilim giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak bilen birlikde, Watanymyzyň geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň öňdebaryjy ylymlara we bilimlere höwesini has-da artdyrar, özara tejribe alşylmagyna hem ýardam eder. Daşary ýurt talyplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin döredilýän döwrebap şertler, bilim işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdyrylar, Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler guralar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meselesini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogar döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar bu hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär.

Saparyň birinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, döwletara hyzmatdaşlygyň beýleki ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesine garaldy.

Nygtalyşy ýaly, ýokary döwlet derejesindäki özara saparlar uly ähmiýete eýe bolup, iki ýurduň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin berk syýasy binýat bolup hyzmat edýär. Şunda 2022-nji ýylyň noýabr aýynda we 2023-nji ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiziň BAE bolan saparlarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň fewral aýynda amala aşyran resmi saparynyň uly ähmiýete eýe bolandygy bellenildi. Şol saparlaryň barşynda ýangyç-energetika we maliýe-bank, ulag, ekologiýa, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Energetika ulgamy türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasy (ADNOC) bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny hem-de “Dragon Oil” kompaniýasy bilen bilelikde Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýataklaryny özleşdirmäge, metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Saparyň barşynda maliýe-bank ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri, ulag ulgamynda, hususan-da, “Abu Dhabi Port Group” we “Dubai Port World” kompaniýalary, raýat awiasiýasy ulgamynda bolsa “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy. Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň 5-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşandygy aýdyldy. Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda we nebithimiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol gün Gahryman Arkadagymyz “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda ulag-logistika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň netijeleri boýunça pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň hem-de «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmennebit» döwlet konserniniň we «Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygyny, ýakynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda birnäçe gepleşikleriň geçirilendigini we ýangyç-energetika, ulag, maliýe-bank ýaly möhüm ulgamlarda örän wajyp ähmiýetli resminamalara gol çekilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan geçirilen çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda Azerbaýjanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Özbegistanda, Ýaponiýada, Koreýa Respublikasynda, Gyrgyzystanda, Gruziýada, Türkiýede, Eýranda, Ermenistanda, Rumyniýada, Pakistanda, Hindistanda, Ukrainada, Germaniýada, Ispaniýada we Beýik Britaniýada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, kinofilmleriň, teatr oýunlarynyň görkezilişi, edebiýat agşamlarydyr bäsleşikler guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşuldy, onuň 300 ýyllygy bolsa 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna girizildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.

Mundan başga-da, hasabatyň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň çäginde şu ýylyň maý aýynda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty, oktýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesindäki sammiti geçirmek teklibi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri goldady hem-de wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz bilen bagly iri halkara çäreleriň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu çäreler beýik şahyryň şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar we kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde işe girizilýän maglumat merkezinde bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň döwrüň talabydygyny belledi hem-de maglumat tehnologiýasy we kiberhowpsuzlyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.