2024-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçylaryna we olaryň maşgalalaryna niýetlenen 4 gatly 24 öýli ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly il ýaşululary, gümrük gullugynyň ýolbaşçy we şahsy düzümi, täze jaýlara göçüp gelýän işgärler dabaraly çäräniň gatnaşyjylary boldy. Täze jaýlaryň açarlary welaýat gümrükhananyň düzüminde asylly gulluk edýän harby gullukçylara, olaryň içinde köp çagaly maşgalalara gowşuryldy. Munuň özi, olar üçin Watan goragçylarynyň gününe ajaýyp sowgat boldy.
Dabaranyň Watan goragçylarynyň hünär baýramyna gabat gelmegi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň maşgalalary üçin döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň subutnamalarydyr.
Bu 3 we 4 otaglardan ybarat bolan täze jaýlarda harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň oňat ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek gerek.
Dabara gatnaşan Gümrük gullugynyň ýolbaşçy we şahsy düzümi Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.