«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni Döwlet derejesinde bellenilip geçildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permany bilen, beýleki harby we hukuk goraýjy düzümleriň harby gullukçylary bilen bir hatarda Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylarynyň ençemesine Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy. Bu dabaraly çäre Gullugyň Merkezi edarasynda giňden ýaýbaňlandyrylyp geçirildi.
Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň ençemesi Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň II we III derejeleri bilen sylaglanyp, onlarça harby gullukçylara nobatdaky ýokary harby atlary dakyldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bu sylaglary gümrükçi harby gullukçylaryň buýsançly başlaryny göge ýetirip, olaryň geljekgi üstünliklerini gazanmagyna uly itergi berdi hem-de olary täze sepgitlere ýetmegine ruhlandyrdy.
Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlaryny gowşurmak dabaralary tamamlanandan soň baýramçylyk çäresi aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Bu ýerde edebi-sazly kompozisiýalar hem-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine täsirli aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabara Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza aýdylýan alkyşlar bilen jemlendi.