Habar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde Watançylyk mazmunly çärelere giň gerim berildi. Gullugyň Merkezi edarasynda Döwlet gümrük gullugy tarapyndan yglan edilen «Ýylyň gümrük nokady» we «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Gullugyň hukuk tertibini, kanunçylyk binýadyny berkitmäge we kämilleşdirmäge  goşan şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli we birkemsiz ýerine ýetirmekde gazanan ýokary görkezijileri, harby gullukçylary hünär taýdan kämil derejede taýýarlamakda görkezen aýratyn netijeleri boýunça Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylary «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Olara degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra baýramçylyk dabarasy «Ýylyň gümrük nokady» bäsleşiginiň jemlerini jemlemek pursatlary bilen dowam etdi. Döwlet gümrük gullugynyň edaralarynda harby tertip-düzgüni berjaý edip, gümrük nokadynyň talaba laýyk saklanylyp, daş-töwereginiň abadançylygyny üpjün etmekde şeýle-de 2023-nji ýylyň dowamynda aýratyn ýokary görkezijileri we gulluk işleri nazara alnyp, Gullugyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň Howdan awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Howdan» gümrük nokady «Ýylyň gümrük nokady» diýlip yglan edildi we gümrük nokadynyň müdirine degişli şahadatnama gowşuryldy.

Soňra dabaralar Gullugyň aýdym-saz toparynyň taýýarlan medeni çykyşlary bilen dowam etdi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.