Gümrük habarlary

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Gümrük müdirliginiň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2 Noý
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Gümrük müdirliginiň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

 

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň Gümrük müdirliginiň başlygy Ahmad Reşad Pupalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berip, Owganystana iberilýän kömek üçin uly minnetdarlygyny bildirdiler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň gümrük ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň barşynda gümrük işi babatda ikitaraplaýyn Ylalaşygy baglaşmak meselesine seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň gümrük babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.